ABŞ senatory: Ysraýyla harby kömegi bes edilmeli
(last modified Wed, 19 Mar 2025 11:33:05 GMT )
Mar 19, 2025 16:33 Asia/Ashgabat
  • ABŞ senatory: Ysraýyla harby kömegi bes edilmeli

ABŞ senatory Berni Sanders X sosial ulgamynda iberen habarynda Ysraýyla ýarag iberilmeginiň togtatmagyny isledi.

Pars Today -iň habaryna görä ABŞ-nyň senatory Berni Sanders Ysraýyla berilýän harby kömegiň bes edilmegini islemek bilen premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň kabinetini Gaza garşy hüjümleri täzeden başlandygy üçin ýazgardy.

Sanders X sosial ulgamynda ýazan hatynda, Netanýahu iki hepde bäri Gaza zolagyna azyk ýa-da ýangyç iberilmegine rugsat bermedi we bu režime harby kömek berilmeli däldir diýdi.

Waşington Ysraýylyň Gaza zolagynda genosid söweşini goldaýandygy üçin köpden bäri tankyt edilýär.