Ýewropa Geňeşi: Gazada bolup geçýän zatlar genosiddir
(last modified Sat, 24 May 2025 09:22:23 GMT )
May 24, 2025 14:22 Asia/Ashgabat
  • Ýewropa Geňeşi: Gazada bolup geçýän zatlar genosiddir

Ýewropa Geňeşi Gaza zolagynda bolup geçýän wakalaryň etnik arassalaýyş we genosiddigini (Sionist režimi tarapyndan) yglan etdi.

Parstoday-iň habaryna görä, Gaza zolagyndaky gyssagly gumanitar krizis boýunça Ýewropa Geňeşiniň mejlisiniň hasabatçysy Saskia Kluýt bu bütin adamzadyň gatnaşýan elhenç betbagtçylygydyr, sebäbi biz bu betbagtçylygy terk etdik we soňuna çykmak üçin hiç zat etmeýäris diýdi.

Ynsanperwer kömeginiň Gazanyň içine girmegini doly gadagan etmek, şeýle hem zolakda palestinalylaryň tussag edilmegi barada Kluýt sözüniň dowamynda, Ysraýyl ministrliginiň agzalarynyň bu meseleleriniň we beýanatlarynyň hemmesi bu çäreleriň etnik arassalaýyş we genosiddigini görkezýär diýdi.