Türkiýäniň içeri işler ministri Amerikany sebitde uruş turuzmakda aýyplady
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4151-türkiýäniň_içeri_işler_ministri_amerikany_sebitde_uruş_turuzmakda_aýyplady
Türkiýäniň içeri işler ministri Amerika döwletini terrorizme goldaw bermekde we sebiti durnuksyzlaşdyrmak maksady bilen Aziýa ýurtlarynda uruş turuzmak ugurda tagalla etmekde aýyplady.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 17, 2018 18:15 Asia/Ashgabat
  • Türkiýäniň içeri işler ministri Amerikany sebitde uruş turuzmakda aýyplady

Türkiýäniň içeri işler ministri Amerika döwletini terrorizme goldaw bermekde we sebiti durnuksyzlaşdyrmak maksady bilen Aziýa ýurtlarynda uruş turuzmak ugurda tagalla etmekde aýyplady.

Anadolu habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlu düýn Türkiýäniň parlamentiniň maslahatynda eden çykyşynda Aziýa ýurtlarynda aýratynda Orta Gündogar sebitindäki ähli dartgynlylyklar Amerika we onuň günbatarly ýaranlary arkaly taslanyp amala aşyrylýandyr diýdi.

Türkiýäniň içeri işler ministri sözüniň dowamynda 2016-nji ýylyň Iýul aýnda bu ýurdyň döwletini ýykmak üçin amala aşyrylan başa barmadyk harby synanyşmany hemde Owganystanda uruşyň dowam etmegini Amerikanyň kartasy hasaplap Günbatarlylar Orta Gündogar sebitinde Ysraýyl režimini döretmek bilen bu sebitde dartgynlylyklary we ot ölçermegini başladylar  we Orta Gündogar we Aziýa ýurtlarynda uruş turuzmak bilen öz yzarlaýan maksatlaryna ýetmegiň ýollaryny tekizläp başladylar diýdi.

Amerika 2002-nji ýylda Owganystany basyp alan mahaly bu ýurtda 17 müň gektar ýerde gök nara ekilýärdi emma bu san 2017-nji ýylda 328 gektara artandyr diýip Süleýman Soýlu sözüne goşdy.