Owganystanyň prezident saýlawlary 2019-njy ýylyň 20-nji aprelinde geçirilýär
Nov 29, 2018 17:05 Asia/Ashgabat
Owganystanyň saýlawlar komissiýasy bu ýurtda geçiriljek prezident saýlawlaryň wagtyny yglan etdi.
şu habar esasynda 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň başyndan prezident wezipesine dalaşgärler bellige alnyp başlanjakdyr we 12 gün hem oňa wagt berilendir.
Owganystanyň saýlawlar boýunça komissiýasy prezident wezipesine dalaşgärleriň birinji listesi 2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda we soňky listesi hem arzalara ýetişik edilenden soňra 24-nji fewralda neşir boljakdyr diýip yglan etdi.
Owganystanyň prezident saýlawlary 2019-njy ýylyň 20-nji aprelinde geçirilýär we onuň soňky netijesi hem 15-nji iýunda yglan boljakdyr diýip bu ýurdyň saýlawlar boýunça komissiýasy yglan etdi.
Tags