Mýanmaryň Rahin welaýatyndan 15 müň Ruhingialy musulman gaçyp atdylar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4386-mýanmaryň_rahin_welaýatyndan_15_müň_ruhingialy_musulman_gaçyp_atdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň senetlerinden belli bolşyna görä,Mýanmaryň Rahin welaýatyndaky Ruhingialy musulmanlar bu ýurdyň harbylarynyň berýän yzalarynyň dowam etmegi zerarly heniz hem bu welaýatdan gaçyp atýandyrlar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 19, 2018 19:23 Asia/Ashgabat
  • Mýanmaryň Rahin welaýatyndan 15 müň Ruhingialy musulman gaçyp atdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň senetlerinden belli bolşyna görä,Mýanmaryň Rahin welaýatyndaky Ruhingialy musulmanlar bu ýurdyň harbylarynyň berýän yzalarynyň dowam etmegi zerarly heniz hem bu welaýatdan gaçyp atýandyrlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Mýanmar baradaky ýörite hasabatçysy Ýaňhee Lee belli bolşyna görä, Mýanmar döwleti Bangladeşe gaçyp atan ýüz müňlerçe Ruhingialy awaralary ýurda gaýdyp getirmek üçin çynlakaý tutum tutan däldir we soňky hasabatlar 15 müň Ruhingiýalyň Mýanmardan gaçyp çykandyklaryny mälim edýär diýip yglan etdi.

Ýaňhee Lee sözüniň dowamynda Rahin welaýatyndaky Ruhingialy musulmanlaryň aglabasynyň obalary we öýleri dargandyr we bu sebitiň kartasyndan ýok bolandyr diýip beýan etdi.

durmuşda Mýanmarda galan 200 müň Ruhingialy musulman hem bu ýurdyň goşun güýçleri we ekstremist budhistleri arkaly gynalýandyrlar diýip şu habaryň dowamynda getirilendir.

2017-nji ýylda 700 müň Ruhingialy musulman Mýanmar goşunynyň amala aşyran jenaýatlary babatly bu ýurtdan Bangladeş tarap gaçandyrlar.