halkara günä geçiş Guramasy Waşington döwletiniň bosgunlar baradaky boluşyny tankyt etdi
halkara günä geçiş guramasy Waşington döwletiniň bosgunlaryň garşysyndaky adamkärçilikden daş bolan boluşyny tankyt etmek bilen bir wagtda bu bulyşyň üýtgedilmegini isledi.
Amerika bilen Meksikanyň bilelikdäki serhedinde ýene bir bosgun çaganyň ölmeginden soňra halkara günä geçiş guramasy bir beýannama boýunça Amerika döwleti bosgunlara garşy syýasatlaryny herne basymrak togtatmalydyr we çagalara zewar ýetişmegiň öňüne geçmelidir diýip nygtady.
7 ýaşly Gwatemalaly çaga Žaklin Kalyň Amerikanyň serhet gullukçylygynda ölmeginden soňra ýene bir 8 ýaşly gwatemalaly oglan bu ýerde aradan çykandyr diýip Amerikanyň serhet we gümrük goraýjylyk agentligi yglan etdi.
ikinji bosgun çaganyň ölmeginiň yzy bilen Amerikanyň serhet we gümrük goraýjylyk agentligi basyşlaryň netijesinde tussagda saklanýan ähli bosgun çagalaryň saglyk ýagdaýlarynyň bakylmagyny buýurdy.Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň bosgunlara garşy syýasatlary güýçli tankytlar bilen düş bolup durandyr.
Tramp bosgunlaryň Amerika gelmekleriniň öňüni almak maksady bilen Amerikanyň serhet gullukçylaryny çagalary ene atalaryndan jydalaşdyryp aýry bir mekanda saklamaklyga borçly edendir.