Owganystanda Talibanyň ýaňadan gudrat başyna gelmegi baradaky ähtimalyň ret edilmegi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4809-owganystanda_talibanyň_ýaňadan_gudrat_başyna_gelmegi_baradaky_ähtimalyň_ret_edilmegi
Owganystanyň ýaraşyk boýunça ýokary geňeşiniň başlygy Owganystan hiç haçan Talibanyň hökümet eden döwranyna öwrülmez diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 02, 2019 16:29 Asia/Ashgabat
  • Owganystanda Talibanyň ýaňadan gudrat başyna gelmegi baradaky ähtimalyň ret edilmegi

Owganystanyň ýaraşyk boýunça ýokary geňeşiniň başlygy Owganystan hiç haçan Talibanyň hökümet eden döwranyna öwrülmez diýdi.

Muhammet Karim halili şu gün beren gürrüňlerinde Owganystan döwleti bilen Talibanyň arasynda ýaraşygyň berkarar bolmagy ýaňada talibanyň hökümet başyna gelmegi manysynda däldir diýip yglan etdi.

Owganystanyň ýaraşyk boýunça ýokary geňeşiniň başlygy Muhammet Karim halili söüniň dowamynda Taliban bilen geçirilýän gepleşiklerde kabul döwletiniň wekilleriniň huzurly bolmagynyň zerurlygyny nygtamak bilen bu gepleşikler kabul döwletiniň nazary astynda bolan ýagdaýynda netije berjekdir diýip nygtady.

Amerika bilen talibanyň arasyndaky ýaraşyk gepleşikleriň 5-nji döwri geçen duşenbe güni Katarda geçirildi emma kabul döwletiniň wekilleri oňa gatnaşan däldirler.