Abbas:Amerika halkara kanunlary aýak aşaga salýan Sionist režiminiň daldasydyr
Palestina dolanyşygyň başlygy Mahmut Abbas Amerika halkara kanunlary bozýan Sionist režimini goldaýandyr diýdi.
Palestina dolanyşygyň başlygy Mahmut Abbas Ysraýyl režiminiň paýtagty höküminde Kudusy ykrar etmek we Amerikanyň ilçihanasyny Kudus şäherine geçirmek baradaky Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň amala aşyran işlerine yşarat edip Tramp Sionistleriň şäherçe gurmak işlerini goldamak hem-de Palestinaly awaralara kömek edýän UNRUWA agentligine berýän maliýe kömeklerini togtatmak bilen basyp alyjylary goldaýanlygyny subut edendir diýdi.
Mahmut Abbas şeýle-de Asryň Söwdasy atly Amerikaly taslama garşy çykyp Amerika döwleti bu hereketi bilen Palestina milletiniň hak hukukyny aýak aşaga salmagyň yzyndadygyny ýene bir gezek görkezdi diýip nygtady.
Asryň Söwdasy atly taslama esasynda Mukaddes Kudus Şäheri Sionist režimine gowşurylýar we başga ýurtlardaky Palestinaly awaralar öz watanlaryna dolanyp barmaga haklary ýokdur.