gadaganlyklaryň ýatyrylmagy Eýranyň ýadro ylalaşygynyň esasy tarapydyr
ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasy Wenada geçiren 11-nji maslahatynyň soňunda bir beýannama boýunça Eýranyň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagyna mümkinçilik döretjek zat gadaganlyklaryň ýatyrylmagydyr oňa görä gadaganlyklaryň ýatyrylmagy Eýranyň ýadro ylalaşygynyň esasy tarapydyr diýip yglan etdi.
ýadro ylalaşygynyň bilelikdäki komissiýasynyň agzalary ýaňky beýannamada bu ylalaşygyň bütin ugurlarynda öz borçlaryna amal etjekdigini ykrar etdiler.
ýadro ylalaşygynyň bilelikdäki komissiýasynyň maslahatyna gatnaşanlar şeýle-de ýadro ylalaşygy bütin dünýä düzüminde we näçe taraplaýyn diplomatiýasynda gaty möhüm üstünlikdir we Birleşen Milletler Guramasynyň howpsuzlyk geňeşiniň 2231-nji karar haty esasynda tassyklanandyr diýip nygtadylar.
bu maslahatda şeýle-de ýadro ylalaşygynyň amala aşyrylmagyna gözegçilik edýän ýekeje urgan bolan halkara atom energiýasy agentliginiň ýöriteleşdirilen roly we bitaraplyk ýörelgesi babatly gadyrdanlyk edildi.