Owganystanda wagtlaýyn döwletiň guralmagyna Hindistan garşy çykdy
(last modified Sun, 17 Mar 2019 15:46:41 GMT )
Mar 17, 2019 20:46 Asia/Ashgabat
  • Owganystanda wagtlaýyn döwletiň guralmagyna Hindistan garşy çykdy

Hindistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bu ýurdyň , Owganystanda wagtlaýyn döwletiň guralmagyna garşydygyny nygtady.

IRNA habarlar gullygynyň beren habaryna görä Wiji Guhal Amerikanyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Zalmaý halilzad bilen geçiren duşuşygynda Hindistanyň Owganystanda wagtlaýyn döwleti goldamajakdygyny aýtdy.

Hindistan Owganystanda saýlanan hökümetiň yzyndadyr diýip Guhal sözüne goşdy.

Wiji Guhal bu sözleri bir ýagdaýda beýan edendir welin soňky wagtlarda Owganystanda wagtlaýyn döwleti döretmek barada Amerikanyň tagalla edýänligi barada myş-myşlar ýaýrapdy.

Tags