Orsýet:dünýä ýurtlary Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda durmalydyrlar
Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa dünýä ýurtlary Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklarynyň garşysynda parhsyz bolmagyň deregine onuň öňünde durmalydyrlar diýip nygtady.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa Amerikanyň başga ýurtlaryň tersine ýola berýän gadaganlyklaryna tankyt bildirmek bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň resmileri Waşingtonyň gadaganlyklarynyň olaryň ýakalaryndan ýapyşmajakdygy barada güman edýän bolsalar gaty ýalňyşýandyrlar sebäbi şu hilli tapawutly tejribeler taryhda az bolan däldir diýip ynam bildirdi.
Waşington başga ýurtlaryň tesine gadaganlyklary ýola berip bilmezligine kepil geçip bilýän hiç bir çäre ýokdyr şonuň üçin hem bu gadaganlyklaryň öňünde durmak üçin hemme ýurtlaryň arkalaşmaklary gereklidir diýip Maria Zaharowa sözüne goşdy.