Eýran bilen Owganystanyň howpsuzlyk hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmeginiň nygtalmagy
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary bilen Owganystanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Owganystanda terrorçylykly hüjümler bilen garşylaşmak üçin hem-de bu ýurduň milli ýaraşyk gidişine kömek etmek üçin iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň pugtalandyrylmagyny nygtadylar.
şu gün Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani bilen Owganystanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Hamdollah Moheb Orsýetiň UFA şäherinde geçirilýän halkara maslahatyň ýanynda geçiren duşuşyklarynda taraplar Owganystanda terrorçylykly hüjümler bilen garşylaşmak we milli ýaraşyk gidişine kömek etmek ugurda Owganystanyň kanuny döwletiniň goňşy ýurtlar bilen geňeş geçirmeginiň zerurlygyny nygtadylar.
Şamhani bilen Moheb şeýle-de bu duşuşykda sebitiň täsirli ýurtlarynyň Kabul döwletiniň sazlaşygy bilen Owganystan döwletine garşy toparlary ýaraşyga itermek üçin olar bilen gatnaşykda bolmaklarynyň zerurlygy we bu ýurduň dürli sebitlerinde dowamly howpsuzlygy berkarar etmek üçin Owganystanyň harby güýçleriniň kuwwatlandyrylmagy barda gürrüň etdiler.
dünýä ýurtlaryň howpsuzlyk işleri boýunça ýokary derejeli wekilleriniň 2 günlük halkara 10-nji maslahaty düýn Orsýetiň UFA şäherinde geçirilip başlandy.