Eýranyň 3-nji ädimi barada tutan tutumyna Ýewropa Bileleşigi gaýtawul berdi
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri federika Mugeriniň metbugat wekili Maýa Kusiýançiç ýadro ylalaşygy baradaky Ýewropalylaryň ygrarsyzlyklaryna yşarat etmezden bu ylalaşygy barada Tehraniň öz ygrarynda durmagyny isledi.
şu gün Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri federika Mugeriniň metbugat wekili Maýa Kusiýançiç ýadro ylalaşygy baradaky Ýewropalylaryň ygrarsyzlyklaryna yşarat etmezden ýadro ylalaşygy baradaky Ýewropanyň ygrary Eýranyň bu ylalaşyga bolan ygraryna baglydyr diýip yglan etdi.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri federika Mugeriniň metbugat wekili Maýa Kusiýançi şeýle-de halkara atom energiýasy agentligi ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna Eýranyň amal etýänligine gözegçilik etmeginde ýörite rola eýedir diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif öten agşam Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerinä hat ýazyp Eýranyň, ýadro ylalaşykdaky borçlaryny azaltmak ugurda 3-nji ädimi ädýänligini yglan etdi.