BMG:Haşogçyň ölümi baradaky garaşsyz derňew işleri dowam etmelidir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6608-bmg_haşogçyň_ölümi_baradaky_garaşsyz_derňew_işleri_dowam_etmelidir
Birleşen Milletler Guramasy Jamal Haşogçyň ölümi barada Saud Arabystanyň sudýasynyň çykaran karary bilen tersleşip bu barada garaşsyz suratda hakykatyň derňelmegini nygtady.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 24, 2019 21:59 Asia/Ashgabat
  • BMG:Haşogçyň ölümi baradaky garaşsyz derňew işleri dowam etmelidir

Birleşen Milletler Guramasy Jamal Haşogçyň ölümi barada Saud Arabystanyň sudýasynyň çykaran karary bilen tersleşip bu barada garaşsyz suratda hakykatyň derňelmegini nygtady.

Arabystanly tankytçy žurnalist Haşogçyň ölümi barada aýyplanýan 8 adam hakynda Arabystanyň sudýasynyň çykaran kararlaryny göz öňe alyp Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antonio Guterreş bu jenaýat barada hakykatyň garaşsyz suratda derňelmegini isleýändir diýip Guterreşiň metbugat wekili Steffan Dujarrik aýtdy.

Arabystanyň sud ulgamy dünýä derejesinde bildirilýän basyşlaryň netijesinde duşenbe güni Jamal Haşogçynyň ölümi bilen baglanşykda 5 adamyň ölümine we 3 adamyň türme tussaglygyna höküm etdi.

halkara günä geçiş guramasy hem Arabystanyň sudýasynyň çykaran kararlaryna gaýtawul görkezip Arabystanyň sudýasy Jamal Haşogçyň ölüminde Arabystanly resmileriň elleriniň bolmagyny ünsden sowandyr diýip yglan etdi.

Muhammet Bin Salmana garşy bolan Arabystanly tankytçy žurnalist Haşogçy 2018-nji ýylyň 2-nji Oktýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherindäki Arabystanyň konsullygynda elhenç suratda öldürildi.