Eýrany goldap Günorta Koreýa Amerikanyň islegini ret etdi
Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Kang Kyung wha Seul döwleti Amerikanyň islegi üçin Eýran bilen saklaýan arkalaşyklaryny togtatmaz diýmek bilen Hormoz bogazyna harby güýç ibermek baradaky Waşingtonyň islegini ret etdi.
Ýunhap habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Kang Kyung Wha şu gün beren gürrüňlerinde Günorta Koreýa Amerikanyň peýmandaşy bolsada emma her bir mowzukda şol sanda Hormoz bogazynda bu ýurdy hemralyk etmäge mejbur däldir diýdi.
bu ýurduň parlament wekilleriniň huzurynda gürrüň beren Günorta Koreýanyň daşary işler ministri şeýle-de olaryň garaýyşlarynyň we strategiýalarynyň ähli ugurlarda şol sanda günbatar Aziýa meseleleri hem-de syýasy mowzuklar barada Amerika bilen ugurdaş däldigine yşarat edip Günorta Koreýa gadymdan bäri Eýran bilen gatnaşykda bolup gelýändir we bu gatnaşyklar dowam etjekdir diýip yglan etdi.
Hormoz bogazy gaty möhüm we ýiti bir sebitdir we dünýäniň nebitiň uly möçberi şol sebitde öndürilýärdir diýip Kang Kyung Wha sözlerine goşdy.