Talban Owganystandaky Amerikalylaryň cykmaklarynyň zerurlygyny nygtady
(last modified Fri, 31 Jan 2020 10:29:09 GMT )
Jan 31, 2020 15:29 Asia/Ashgabat
  • Talban Owganystandaky Amerikalylaryň cykmaklarynyň zerurlygyny nygtady

Talbanyň ýolbaşçysynyň syýasy orunbasary we bu toparyň gepleşik geçiriji toparynyň başlygy Owganystandaky Amerikalylaryň çykmaklarynyň zerurlygyny nygtady.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Molla Abdulgani Baradar düýn Amerikanyň PBC tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Owganystan uruşy Amerikanyň Owganystandaky bütin harbylarynyň çykmagy bilen gutarar ýogsa gyzyl goşun ýaly çykmasalar olary çykmaga mejbur ederis diýip yglan etdi.

ol şeýle-de Amerikanyň Al-Kaede guramasynyň başlygy Osama Bin Ladeniň Owganystanda huzurly bolmagy bahanasy bilen bu ýurda hüjüm edendigine yşarat edip ýöne iň soňda olar özleriniň komandolary bilen Bin Ladeni goňşy ýurt Pakistanda tapyp öldürendirler diýdi.

Talbanyň ýolbaşçysynyň syýasy orunbasary sözüniň dowamynda Osama Bin Ladeniň ölmegi we Amerikalylaryň uly ýalňyşlyga baş goşanlygyna ykrar etmegi bilen indi 18 ýyl basyp alyjylykdan soň Amerikalylaryň bu ýurtdan çykmaly wagty bolmadymy diýip beýan etdi.

eger Amerikalylar bolmasalar owgan taraplary hökman özara ylalaşarlar diýip Molla Abdulgani Baradar aýtdy.

Tags