Merkezi Aziýanyň elektriki Owganystan arkaly Pakistan ýurduna eksport edilýär
(last modified Thu, 06 Feb 2020 11:18:31 GMT )
Feb 06, 2020 16:18 Asia/Ashgabat
  • Merkezi Aziýanyň elektriki Owganystan arkaly Pakistan ýurduna eksport edilýär

Merkezi Aziýanyň artykmaç elektrikiniň Owganystanyň üsti bilen Pakistan ýurduna geçirilmegi şu gün Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Ganiň gatnaşmagynda resmi tärde ýola düşürildi.

Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani şu gün Kabulyň gündogarynda ýerleşen Surubi etrabynda bu barada geçirilen merasymda Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň artykmaç elektrikiniň Owganystan arkaly Pakistana geçirilmegini resmi tärde ulanyşa berdi.

Aşraf Gani bu taslamanyň ulanyşa berilmeginde beren gürrüňlerinde bir milliard dollardan artykmaç harajaty bolan Kasa-1000 atly bu taslamanyň galybynda Owganystanyň üstünden çekilen bir müň 250 km-lik elektrik linesi arkaly Merkezi Aziýanyň elektriki Pakistana geçiriljekdir we bu elektrikiň 300-meg hem Owganystanyň içinde sarp boljakdyr diýip yglan etdi.

Owganystanyň Kasa-1000 atly taslamadan gazanjak ýyllyk gazanjy bir ýüz million dollar bolar diýilip habarda getirilýär.

durmuşda Owganystan bilen Pakistan ýurtlary elektrik kemçiliginden ejir çekýändirler we bu ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň ýüze 40-siniň htda elektrikleri hem ýokdyr.