Dec 16, 2017 18:20 Asia/Ashgabat
  • Amerika ýene bir gezek Demir Gazyk Koreýa haýbat atdy.

Amerikanyň daşary işler ministri Reks Tillerson Demir Gazyk Koreýany raketa we ýadro işlerini kenarda goýmaga mejbur etmek niýeti bilen ýene bir gezek göni bolmadyk tärde bu ýurda garşy hüjüme geçmek bilen haýbat atdy.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä Amerikanyň daşary işler ministri Reks Tillerson BMG-niň Demir Gazyk Koreýanyň ýadro we raketa işleri barada geçiren maslahatynda Demir Gazyk Koreýanyň Amerikanyň iň uly duşmany hasaplap Pyongyang döwletiniň ýadro we raketa meselesiniň diplomatik ýoldan çözülmegini we uruşa baryp çatmazlygyny umyt etdi.

Tillerson şeýle-de Pyongyang döwleti Waşington bilen gepleşiklere girişmezden öňürti raketa we ýadro işlerini togtatmalydyr diýip sözüne goşdy.

şol bir wagtda Demir Gazyk Koreýanyň BMG-syndaky hemişelik wekili Jasoň Nam Pyongyang ýadro ýaraglary we raketalary Amerikanyň haýbatlarynyň garşysynda ýurdy goramak üçindir diýip yglan etdi.

Tags