Guterreşiň sanksiýa baradaky çagyryşyna Ýewropa Bileleşiginiň jogaby
(last modified Sat, 04 Apr 2020 10:17:37 GMT )
Apr 04, 2020 15:17 Asia/Ashgabat
  • Guterreşiň sanksiýa baradaky çagyryşyna Ýewropa Bileleşiginiň jogaby

Ýewropa Bileleşigi koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin Siriýa, Liwiýa we Ýemen ýaly käbir ýurtlara garşy sanksiýalary ýeňilleşdirýär.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň başlygy Jozef Burrell anna güni Brýusselde agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen geçiren duşuşygyndan soň beren gürrüňlerinde Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antonio Guterreşiň korona keseliniň ýaýramagy sebäpli käbir ýurtlara garşy gadaganlyklaryň azaldylmagy baradaky çagyryşyny goldaýandygyny aýdyp gadaganlyklar koronawirusyna garşy göreşmek üçin zerur lukmançylyk enjamlaryň iberilmegini kynlaşdyrylmaly däldir diýdi.

Burrell şeýle-de agza ýurtlaryň bu çagyryşy goldajakdygyna umyt bildirip Ýewropanyň ynamyna görä,gadaganlyklar uruşa gabat gelip duran ýurtlara şol sanda Siriýa,Liwiýa we Ýemende koronawirusynyň ýaýramagynda gaty ýaramaz täsirleri bardyr diýdi.

geçen hepde-de Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretarynyň metbugat wekili Stephen Dujarric korona bilen garşylaşmagyň çarçuwasynda ýurtlaryň tersine ýola berilip durlan gadaganlyklaryň ýatyrylmagyny isläp howpsuzlyk geňeşinden bu gadaganlyklary ýatyrmak üçin çäre görmegi isledi.