Eýranyň Daşary işler ministrligi Kabuldaky terrorçylykly hüjümleri ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7588-eýranyň_daşary_işler_ministrligi_kabuldaky_terrorçylykly_hüjümleri_ýazgardy
Yslam respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sişenbe güni Kabuldaky keselhana edilen terrorçylykly hüjümleri ýazgardy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 13, 2020 13:28 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrligi Kabuldaky terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

Yslam respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sişenbe güni Kabuldaky keselhana edilen terrorçylykly hüjümleri ýazgardy.

IRNA habarlar gullugynyň maglumatyna görä Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Seýid Abbas Musawi Kabuldaky keselhana edilen terrorçylykly hüjümlerewe Nangarhardaky uzatma çäresine edilen hüjüme we Owganystanyň dürli ýerlerinde geçirilen beýleki harby operasiýalara yşarat edip Parahat ilata edilen hüjümi ýazgardy we Owganystandaky zorlugyň ýaýramagyna hem alada bildirdi.

Mousawi şeýle hem owgan hökümetine we halkyna, esasanam soňky wakalardan aman galanlara gynanç bildirdi we harby operasiýa gatnaşan ähli güýçleri mukaddes Remezan aýynyň hormatyna gepleşiklere we Owganystanda dowamly parahatçylyga çagyrdy.

sişenbe güni Kabulyň günbataryndaky keselhana DAEŞ terrorçylarynyň hüjüminde aýallardan we bäbeklerden ybarat bolan 15 raýat öldi, we 16 adam hem ýaralandy.