Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň barlanylmagy
wideo konferensiýada Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy bilen dürli sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Täjigistanyň daşary işler ministrliginiň beýannamasyna esaslanyp IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Anna güni geçirilen wideo konferensiýada iki tarap koronawirusynyň täsiri, global ýagdaý we ýüze çykýan kynçylyklary çözmek üçin bilelikdäki tagallalar barada pikir alyşdylar.
wideo konferensiýada Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirajuddin Mehr al-Din hökümetiň koronanyň ýokaşmagyna garşy göreşmek we onuň ykdysadyýete täsirini azaltmak ugrundaky tagallalaryny açyklamak bilen häzirki krizise garşy bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň we sebitde wirusyň ýaýramagynyň netijelerini ýok etmek üçin has köp serişdäni toplamagyň möhümdigini aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell hem bu Bileleşigiň Merkezi Aziýa sebiti üçin täze strategiýasy we 2021-2027-nji ýyllardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meýilnamasy barada öz pikirini aýtdy.
wideo konferensiýada Owganystanda bolup geçen wakalar hem beýan edildi şonda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek we bu ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýyny güýçlendirmek üçin iri ykdysady we sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek möhümdir diýilip yglan edildi.