Amerika sebitdäki terrorçylygyň merkezidir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7964-amerika_sebitdäki_terrorçylygyň_merkezidir
Malaýziýanyň öňki premýer-ministri Amerikany sebitdäki terrorçylygyň kämil mysaly diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 23, 2020 00:06 Asia/Ashgabat
  • Amerika sebitdäki terrorçylygyň merkezidir

Malaýziýanyň öňki premýer-ministri Amerikany sebitdäki terrorçylygyň kämil mysaly diýip atlandyrdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Duşenbe güni Al Jazeera tele kanaly bilen söhbetdeş bolup gürrüň beren Mahathir Mohamad ABŞ-nyň Owganystan we Yrak ýaly ýurtlarda parahat ilaty öldürmegini terrorçylykly hereket diýip atlandyrdy.

Malaýziýanyň ozalky premýer-ministri terrorçylygyň diňe bir terrorçylyk toparlary bilen çäklenmän eýsem Amerikany hem öz içine alýandygyny aýtdy.

Mahathir Mohamad mundan ozal hem ABŞ-nyň Owganystana terrorçylyga garşy bahana bilen harby hüjümine garşy çykypdy.

Amerika we onuň ýaranlary terrorçylyga garşy göreş we howpsuzlygy üpjün etmek bahanasy bilen 2001-nji ýylda Owganystana çozdy, ýöne şondan bäri Owganystanda howp, terrorçylyk we neşe önümçiligi ep-esli artdy.

Amerika we onuň ýaranlary 2003-nji ýylyň mart aýynda ýalan bahana bilen Yraga hüjüm etdiler.

bu Hüjümlerde köp sanly raýat öldi.