Aug 08, 2020 15:39 Asia/Ashgabat
  • Trump: Eger ýeňiş gazansam, Eýran bilen çalt ylalaşyk gazanarys

Amerikanyň prezidenti donald Trump, indiki prezident saýlawynda ýeňiş gazansa, Eýran bilen ylalaşyk gazanjakdygyny toslady.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Donald Trump anna güni agşam habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde  beren gürrüňlerinde Eýranlylar meniň ýene-de prezident bolmagymy islemeýärler we Jo Baýden bilen ylalaşyk gazanmagy makul bilýärler, ýöne ýeňiş gazansam, Eýran we hatda Demirgazyk Koreýa bilen çalt ylalaşyk gazanarys diýip toslady.

Şeýle hem, Trump Eýran bilen Hytaý Baýden bilen ylalaşyk gazansalar, bu ýurtlaryň ABŞ-a eýe boljakdygyny öňe sürdi.

Donald Trump ozal ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykyp, Eýrana garşy "iň ýokary basyş kampaniýasy" syýasatyny alyp barmak bilen ährany "has gowy ylalaşyk" gazanmak üçin gepleşik stoluna gelmäge mejbur etjekdigini aýdypdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň jogapkärleri her hili gepleşikleriň Waşingtonyň Eýrana garşy duşmançylykly syýasatlaryndan ýüz öwürmegi we 5 + 1 gepleşikleriniň çäginde ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegi bilen şertli boljakdygyny birnäçe gezek nygtadylar.

Tags