Portlandda tolgunyşyklar dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8514-portlandda_tolgunyşyklar_dowam_edýär
Amerikada aparteide garşy çykyşlardan segsen günden gowrak wagt geçen bolsada Portland şäheri henizem protestleriň sahnasy bolup durýar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 20, 2020 11:39 Asia/Ashgabat
  • Portlandda tolgunyşyklar dowam edýär

Amerikada aparteide garşy çykyşlardan segsen günden gowrak wagt geçen bolsada Portland şäheri henizem protestleriň sahnasy bolup durýar.

Oregon ştatynyň Portland şäherinde Jynsparazlyga garşy dowam edýän protestler şu wagta çenli millionlarça dollar bu şähere zyýan ýetirmekden aýry bu şäheriň keşbini uruşa uçran ýere meňzedendir.

Maý aýynyň ahyrynda bu şäherde protestler başlanany bäri 550-den gowrak adam tussag edildi we 100-den gowrak adam hem bozgaklyga aýyplandy.

Jorj Floýdiň öldürilmeginden soň guramalaşdyrylan jynsparazlyga garşy protestler tutuş ýurt boýunça nägilelik tolkuny başlandy.

25-nji maýda akýagyz Amerikan polisiýa işgäri, Minnesota ştatynyň Minneapolis şäherinde garaýagyz Amerikanyň raýaty Jorj Floýdy rehimsizlik bilen öldürdi.