owganara gepleşikleri indiki hepde başlar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8591-owganara_gepleşikleri_indiki_hepde_başlar
Owgan hökümeti bilen Talybanyň arasyndaky ýurtdaky söweşi bes etmek baradaky gepleşikler indiki hepde başlar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 27, 2020 16:41 Asia/Ashgabat
  • owganara gepleşikleri indiki hepde başlar

Owgan hökümeti bilen Talybanyň arasyndaky ýurtdaky söweşi bes etmek baradaky gepleşikler indiki hepde başlar.

AVA habar gullugynyň habaryna görä, owgan hökümeti galan Talyban tussaglaryny boşatmasa-da, Owganystanyň Milli ýaraşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah penşenbe güni Kabulda owganara gepleşikleriň indiki hepde başlamagynyň mümkindigini aýtdy.

Abdullah, Talyban bilen gepleşiklere başlamak üçin hökümetiniň gepleşik toparynyň döredilendigini sözüniň dowamynda aýtdy

Owgan hökümeti bilen gepleşik topary döreden “Talyban” entek owganara gepleşikleriň başlanjakdygy barada hiç hili düşündiriş bermedi.