Türkiýe ABŞ-na Berk Reaksiýa Bildirdi
Türkiýe "ABŞ-nyň Kipriň grek bölegine ýarag embargosyny bes etmegi hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýär"diýdi.
Türkiýe ABŞ-nyň Kipriň grek bölegine ýarag embargosyny bes etmeginiň hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigini beýan etdi
Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada ABŞ-nyň Kipriň grek bölegine goýulan ýarag embargosynyň bes edilmegi hakynda kabul eden kararynyn adadaky türk we grek halklarynyn arasyndaky deňligi hem-de deňagramlygy ýok hasap etmekden ybratdygy nygtaldy.
Şol kararyn Kipr meselesiniň çözülmegi ugrundaky tagallalara ýaramaz täsir ýetirjekdigine üns çekilýän beýannamada: “Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlygyň azaldylmagy ugrunda tagalla edilýän günlerde ABŞ-nyň sebitiň parahatçylyk we durnuklylyk şertlerine zarba urjak karary kabul etmegi hyzmatdaşlyk ýörelgelerine bap gelmeýär” diýilýär.
Beýannamada: “ABŞ-nyň bu kararyny ýaňadandan seljermegine, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara goldaw bermegine garaşýarys. Eger şeýle bolman halatynda Türkiýe hemaýatkär ýurt hökmüde hukuky we taryhy borçlaryna laýyklykda Kipriň türk halkynyň howpsyzlygyny kepillendirmek üçin degişli çäreleri egilşiksiz görer” diýilýär.
ABŞ Kipriň grek bölegine 1987-nji ýyldan bäri ýarag embargosyny dowam etdirýärdi.
Şeýlede Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, ABŞ-nyň Kipriň Grek bölegine ýarag embargosyny aýyrmagy bilen, Ýewropanyň adada eden ýalňyşlarynyň ABŞ tarapyndan gaýtalanýandygyny beýan etdi.
Fuat Oktaý: "Sebitde çaknyşyk howpyny artdyrjak şuňa meňzeş göçümlere garşy Türkiýe hökmünde DKTR-nyň we Kiprdäki türkleriň howpsuzlygyny, asudalygyny we durnuklylygyny kepillik astyna aljak ädimler etmäge dowam ederis. Türkiýe we DKTR sebitde özlerine garşy oýnalýan oýunlardan habardar. Millet hökmünde tutanýerlilik bilen we jebis bolup bu oýunlary bilelikde ortadan aýyrarys, gelejege tarap bilelikde ýöräris, bu oýunlaryň bölegi bolan taraplary hem bagyşlamaz" diýip nygtady.