Rus diplomat ABŞ-nyň Eýrana garşy syýasatyny tankytlady
Orsýetiň Wenada ýerleşýän halkara guramalardaky wekili ABŞ hökümetiniň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmak kararyny nädogry karar diýip atlandyrdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Wenada ýerleşýän halkara guramalarynda Orsýetiň wekili "Mihail Ulianow" bir twit ýazyp ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilmezden ozal we soň Eýranyň uran gorlaryndaky üýtgeşmeleriň suratlaryny neşir etmek bilen Amerikanyň Eýrana garşy syýasatlaryny tankytlady.
Uýanow, bu sanlaryň Eýranyň uran ätiýaçlyklarynyň üýtgeýändigini, ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmak we Tährana garşy sanksiýalar girizmek baradaky negatiw roluny görkezýändigini ýazdy.
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Waşingtonyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda beren borçlaryny bozup halkara şertnamasyndan birtaraplaýyn tertipde çekildi we ýadro sanksiýalarynyň yzyna gaýtaryljakdygyny mälim etdi.
Trumpyň bu çäresi içerki we halkara derejesinde giňden ýazgaryldy.