Hytaý: Amerika halkara hukugyny bozýar
(last modified Thu, 17 Sep 2020 05:28:13 GMT )
Sep 17, 2020 10:28 Asia/Ashgabat
  • Hytaý: Amerika halkara hukugyny bozýar

Hytaý döwleti Amerikany halkara hukugyny bozmakda aýyplaýar.

"Roýter" habar gullugynyň habaryna görä Hytaýyň Daşary işler ministrligi bütindünýä söwda guramasynyň ABŞ-nyň hökümetiniň hytaý harytlaryna nyrhlary ýokarlandyrmagynyň bikanunlygy baradaky beýany Waşingtonyň halkara söwda kanunlaryny bozýandygyny subut etdi diýdi.

Bütindünýä Söwda Guramasy (WTO) öz beýanatynda bu guramanyň kanunlaryna laýyklykda ABŞ-nyň Hytaýyň harytlaryndan import edilýän nyrhlary ýokarlandyrmagyň bikanundygyny aýtdy.

Prezident Donald Trumpyň administrasiýasy 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda işe başlaly bäri Hytaýa garşy duşmançylykly çemeleşdi.

Nyrhlaryň we söwda uruşlarynyň ýokarlanmagy, Huawei ýaly Hytaýyň esasy kompaniýalaryna sanksiýalar girizmek, Taýwan adasy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, Günorta Hytaý deňzinde ABŞ gämileriniň giňden ýaýramagy, Pekine korona wirusy baradaky aýyplamalary, Hytaýyň Amerikanyň Tehas ştatynyň Hýuston şäheriniň konsullygynyň ýapylmagy Hytaýly talyplar üçin wizadan ýüz öwürmek Ak tamyň Pekine garşy basyşyny ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalarynyň bir bölegidir.