BMG Baş Assambleýasynda Trumpyň esassyz aýyplamalary
ABŞ-nyň prezidenti özüniň esassyz aýyplamalaryny dowam etdirip, ýene bir gezek Hytaýy Corona wirusynyň ýaýramagynda günäkärlemek bilen ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyny iň erbet şertnama hasaplady.
sişenbe güni BMG Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wirtual çykyşda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump koronawirusyň ýaýramagynda Hytaýy ýene bir gezek günäkärledi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň göze görünmeýän duşmana (Hytaý wirusy) garşy göreşýändigini aýtdy.
Trump koronawirusyň ýaýramagynyň jogapkär ýurdy hökmünde Hytaýyň jogapkärçilige çekilmelidigini aýtmak bilen Birleşen Milletler Guramasy Pekini jogapkärçilige çekmelidir diýdi.
Şeýle hem, Trump Eýran bilen ýaramaz ýadro şertnamasyndan çekilendigini we Tährana berk sanksiýalar girizendigini toslady.
Trump-nyň ýadro ylalaşyga garşy aýdan sözleri bir ýagdaýdadyr welin, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary bu ylalaşygy berk goldaýarlar we ABŞ-nyň halkara kanunlaryny bozup birtaraplaýyn hereketine berk garşy çykýarlar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Haj Gassem Soleýmana garşy esassyz aýyplamalary gaýtalap, Waşingtonyň general Soleýmanyň öldürilmeginde eden jenaýatyny we adam hukuklaryna garşy hereketlerini öz döwletiniň buýsanjy hasaplap öwdi.