Aşraf Gani: Owgan hökümeti Talyban bilen parahatçylyk gepleşiklerine ygrarly
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8845-aşraf_gani_owgan_hökümeti_talyban_bilen_parahatçylyk_gepleşiklerine_ygrarly
Owganystanyň prezidenti owgan hökümetiniň Talyban bilen gepleşiklerde ygrarlydygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 24, 2020 11:35 Asia/Ashgabat
  • Aşraf Gani: Owgan hökümeti Talyban bilen parahatçylyk gepleşiklerine ygrarly

Owganystanyň prezidenti owgan hökümetiniň Talyban bilen gepleşiklerde ygrarlydygyny aýtdy.

Çarşenbe güni gije BMG Baş Assambleýasyndaky wirtual çykyşynda "Muhammet Aşraf Gani" Owgan hökümetiniň Talyban bilen parahatçylyk gepleşiklerine gönüden-göni ygrarlydygyna ünsi çekip, sebitde dowamly parahatçylygy gazanmak üçin terrorçylygyň düýp sebäbiniň ýok edilmelidigini aýtdy.

Owganystanyň prezidenti owgan halkynyň global terrorçylyk ulgamlaryndan ejir çekýändigini Şeýle hem, Owganystanyň hökümetiniň parahatçylyk gepleşiklerini ösdürmek ugrundaky tagallalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň ähmiýetini belläp geçmek bilen bir wagtda yurdundaky zorlugyň we urşuň derrew bes edilmegi Owganystanyň ösüşine şert döretjekdigini nygtady..