Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär
Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 6 müň 870 adamdan geçdi
Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 6 müň 870 adamdan geçdi
Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 6 müň 870, wirusa ýoluganlaryň sany 33 million 574 müň 200, sagalanlaryň sany 24 million 893 müň 490 adamdan geçdi.
Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 209 müň 808, hasaba alynan kesellileriň sany 7 million 361 müň 633 adama ýetdi. Prezident Donald Tramp, epidemiýa garşy göreşiň çäginde 15 minutde netijesi belli bolýan 150 million testiň ştatlara we garrylar öýlerine paýlanjakdygyny aýtdy. Sanjym işleriniň hem güýçli depginde dowam edýändigini aýdan Tramp “Sanjym taýar bolan badyna 100 millionlarça sanjymy 24 sagatda paýlarys” diýdi.
Epidemiýanyň ikinji merkezi Braziliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 317 adam artyp 142 mün 58, wirusa ýoluganlaryň sany 13 müň 155 adam artyp 4 million 745 müň 464 adama ýetdi.
Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezi Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 42 müň 1, wirusa ýoluganlaryň sany 439 müň 13 adama ýetdi.
Fransiýada koronawirus sebäpli 31 müň 808 adam ýogaldy, 542 müň 639 adam hem hasaba alyndy.
Ispaniýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 hepdede 359 adam artyp 31 müň 411, hasaba alynan kesellileriň sany soňky 3 günde 31 müň 785 adam artyp 748 müň 266 adama ýetdi.
Portugaliýanyň Saglygy goraýyş ministrligi Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 4 adam artyp 1957, wirusa ýoluganlaryň sanynyň 74 müň 29 adama ýetendigini mälim etdi.
Koronawirus sebäpli Meksikada 76 müň 603 .Italiýada 35 müň 871.Peruda 32 müň 324.Kolumbiýada 25 müň 641.Argentinada 16 müň 113.Çilide 12 müň 698.Ekwadorda 11 müň 280 adam ýolgaldy.