Owganystanyň Adam Hukuklary Geňeşi maksatly terrorlaryň köpelmeginden alada galýar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8935-owganystanyň_adam_hukuklary_geňeşi_maksatly_terrorlaryň_köpelmeginden_alada_galýar
Owganystanyň Adam Hukuklary Geňeşi ýurtda maksatly terrorlaryň köpelmegine alada bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 05, 2020 07:59 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň Adam Hukuklary Geňeşi maksatly terrorlaryň köpelmeginden alada galýar

Owganystanyň Adam Hukuklary Geňeşi ýurtda maksatly terrorlaryň köpelmegine alada bildirdi.

Owganystanyň Adam Hukuklary Geňeşi ýekşenbe güni beren beýanynda: Şu ýylyň başyndan bäri 954 owgan raýaty maksatly terror edildi şolardan, 535 adam ölüp, 412 adam ýaralandy diýdi.

Owganystanyň Adam Hukuklary Geňeşi sözüniň dowamynda häzirki parahatçylyk prosesine ters gelýän zorlugyň we ganly hüjümleriň dowam etmegi bilen nyşana alnan öldürmeler we Maksatly terror etmekler hem artdy diýip yglan etdi.

bu geňeş çaknyşýan taraplary halkara ynsanperwer hukugynyň ýörelgelerine laýyklykda agentligiň Owganystandaky parahat ilatdan ölenleri azaltmak baradaky birnäçe gezek haýyşlaryna jogap bermäge çagyrdy.

Owganystanyň adam hukuklary boýunça komissiýa şeýle hem owgan hökümetini ähli raýatlar, esasanam dini azlyklar, dini alymlar, adam hukuklaryny goraýjylary üçin has gowy howpsuzlygy üpjün etmek üçin amaly çäreleri görmäge çagyrdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň şenbe güni beren hasabatyna görä, Kataryň Doha şäherinde hökümet bilen Talyban wekilleriniň arasynda parahatçylyk gepleşikleri başlansoň, soňky iki hepdäniň dowamynda Owganystanyň dürli ýerlerinde Talyban hüjümlerinde altmyş dokuz owgan raýaty öldürildi.