Yragyň howpsuzlyk ýagdaýyna iki garaýyş
Soňky hepdelerde Yrakda ABŞ-nyň ilçihanasyna yzygiderli hüjümleri boldy, şeýle hem Waşington, Häştolşäbi hereketine garşy hüjümleri ýola goýdy.
Soňky hepdelerde Yrakdaky howpsuzlyk wakalary barada iki pikir bar.
Ilkinji garaýyş, meşhur Häştolşäbi hereketiniň bir bölegi bolan täze döredilen toparlaryň käbiri ABŞ-nyň ilçihanasyna garşy hüjüm edýär. Bu pikiriň döremeginiň sebäbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Yrakdaky generallar Kassem Soleýmany we Abu Mahdi al-Mohandesi terror edip, şehit etmegidir.
Bir tarapdan, Eýran ABŞ-nyň goşunlarynyň Yrakdan çykarylmagyny olaryň terrorçylyk işleri üçin ar alyş hasaplaýar, beýleki tarapdan Yrak çydam toparlary ABŞ-nyň hereketini Yragyň özygtyýarlylygyny gödek bozmak diýip hasaplaýarlar we ABŞ goşunlarynyň yza çekilmegini nygtaýarlar.
Şol sebäpli, käbirleri ABŞ-nyň harby bazalaryna we ilçihanalaryna hüjümleriň çydam toparlary tarapyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Yrakdan goşunlaryny çykarmaga mejbur etmek üçin amala aşyrylýandygyny aýdýarlar. Bu pikiriň Yrak döwletinde hem goldawçylary bar.
Şoňa laýyklykda Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn ýakynda Tehrana baryp, Yslam respublikasyny Yrakdaky ýakyn toparlaryny ABŞ-a garşy hüjümleri bes etmäge yrmaga çagyrdy, emma Tehran Yragyň içerki işlerinde goşulmaýan diýip bu islegi ret etdi.
Ikinji garaýyş, esasan Yrakda bolup geçýän wakalar we beýleki ýurtlaryň diplomatik desgalaryna edilýän hüjümleri Amerikaly araçyllar we hakyna tutulanlar tarapyndan amala aşyrylýar. Bu pikiri goldaýanlar Amerikanyň Birleşen Ştatlary Yrakdaky bikanun barlygyny dowam etdirmek we Yragyň parlamentiň kararyny we Yrak halkynyň aglabasiniň AmerikaňYrakdan goşun çykarmagyny talaplaryna äsgermezlik etmek üçin bahana gözleýär.
Şol bir wagtyň özünde, bu garaýyş, ABŞ-nyň özüniň hakyna tutanlary bu hüjümleri etýärler tä Bir tarapdan, çydam toparlarynyň ýagdaýyny Yrak halkynyň gözüne salmak we bu toparlardan ynamsyz aktýoryň keşbini görkezmek, beýleki tarapdan häzirki Yrak döwleti bilen çydam toparlarynyň arasyndaky boşlugy döretmek we berkitmek. Şunuň bilen baglylykda, Mustafa Al-Kazeminiň döwletine garşy çydam toparlary bilen baglanyşykly harby güýçleriň döwlet agdarylyşygy barada aýyplama bildirildi.