Oct 09, 2020 16:05 Asia/Ashgabat
  • Putin Ýerewany we Bakuwy Moskwada gepleşiklere çagyrdy

Orsýetiň prezidenti öz beýanatynda Ermenistan we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrlerini Nagorno-Garabagda parahatçylygy berkarar etmek barada gepleşikler geçirmek üçin Moskwa çagyrdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Kreml penşenbe güni agşam beren beýanatynda: "Wladimir Putin, Azerbaýjan respublikasynyň prezidenti Ilham Aliyew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen birnäçe telefon söhbetdeşliginden soň, ynsanperwerlik işleri üçin we tussaglary we öldürilenleriň jesetlerini alyşmak üçin jedelli GaraBag sebitindäki söweşleriň bes edilmegini isledi diýdi.

beýannamanyň dowamynda Ermenistan we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri anna güni (9-njy oktýabr) Orsýetiň Daşary işler ministriniň töwellaçylygy arkaly bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Moskwa çagyryldy.

Minsk toparynyň ýolbaşçylaryndan biri bolan Orsýet, Nagorno-Garabag dawasyny çözmek üçin ýigrimi ýyl bäri tagalla edip gelýär, emma şu wagta çenli başa barmady.

Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasynda Nagorno-Garabag sebitinde bolan çaknyşyk 27-nji sentýabrda gaýtadan başlandy we şu wagta çenli birnäçe adamyň ölmegine sebäp boldy.

Tags