Guttiereş: ýadro ylalaşygy Pars aýlagynyň howpsuzlygy üçin gaty möhümdir
(last modified Wed, 21 Oct 2020 12:57:09 GMT )
Oct 21, 2020 17:57 Asia/Ashgabat
  • Guttiereş: ýadro ylalaşygy Pars aýlagynyň howpsuzlygy üçin gaty möhümdir

Wirtual konferensiýada BMG-nyň Baş sekretary ýadro ylalaşygynyň saklanmagynyň zerurdygyny aýtmak bilen bu halkara şertnamasyny Pars aýlagynyň howpsuzlygy üçin gaty möhümdigini aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Antonio Guterreş düýn (sişenbe) Russiýanyň başlangyjy bilen Pars aýlagyndaky ýagdaý boýunça BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň wirtual konferensiýasynda Eýranyň ýadro şertnamasy bilen baglanyşykly kynçylyklara we problemalara yşarat edip ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagy nygtaldy.

Sişenbe güni gije Howpsuzlyk Geňeşiniň Pars aýlagyndaky ýagdaýy giňişleýin gözden geçirmek baradaky wirtual ýygnagynda Nikola Doriwi Pars aýlagy sebitinde howpsuzlyk we durnuklylyk üçin zerur şertiň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary we ýadro ylalaşygy ýaly halkara borçnamalaryna we kanunlaryna laýyk gelýändigini aýtdy.

ol şeýle-de Parižiň Howpsuzlyk Geňeşiniň awgust we sentýabr aýlarynda ýadro ylalaşyga bern goldawyny garşy alýandygyny aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif hem düýn bu ýygnagda eden çykyşynda Pars aýlagy sebitinde iň köp ýarag satýan ABŞ-ny tankytlap: "Kimdir biri iň çylşyrymly ýaraglary pul bilen satyn alyp biler, ýöne hakykat şudur howpsuzlygy we durnuklylygy satyn alyp bolmaýar" diýdi.