Adhanum ýurtlary Korona garşy durmaga çagyrdy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9153-adhanum_ýurtlary_korona_garşy_durmaga_çagyrdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy, Amerikan resmisiniň aýdanlaryna jogap edip, dünýä ýurtlaryny Covid-19-a boýun egmezlige çagyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 27, 2020 07:49 Asia/Ashgabat
  • Adhanum ýurtlary Korona garşy durmaga çagyrdy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy, Amerikan resmisiniň aýdanlaryna jogap edip, dünýä ýurtlaryny Covid-19-a boýun egmezlige çagyrdy.

AFP habar gullugynyň habaryna görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tadros Adhanum duşenbe güni agşam koronawirus keseliniň "çalt ösmegine" alada bildirdi we ähli ýurtlary koronawirusyň ýaýramagyna ýol bermezlige çagyrdy.

Ak tamyň baş sekretary Mark Meadows Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Koronany hiç wagt kontrol edip bilmejekdigini aýtdy.

Tadros Adhanum şeýle-de "Ýewropada we ABŞ-da koronawirusyň gaýtadan ýaýramagy bilen, Covid-19-a garşy söweşde ýeňilmeli däldiris" diýdi.

Elbetde, Adhanum dünýäde 1 million 100 müň adamy öldüren korona wirusy bilen birnäçe aýlap söweşen ýurtlaryň ýadandygyny aýtdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri, ýurtlaryň häkimiýetleri çalt hereket etseler, korona wirusyny ýok edip biljekdikleini aýtdy.

Dünýäde “Covid-19” keseliniň sany 43 million 776 müň 586 adama ýetdi, şolardan bir million 164 müň 515 adam öldi.