ABŞ-da geçiriljek saýlawlardan soň ,howpsuzlyk aladalarynyň ýokarlanmagynyň mümkinligi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9206-abŞ_da_geçiriljek_saýlawlardan_soň_howpsuzlyk_aladalarynyň_ýokarlanmagynyň_mümkinligi
ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlaryna sanlyja gün galanda, 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawlaryň netijelerine alada bildirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 01, 2020 12:06 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-da geçiriljek saýlawlardan soň ,howpsuzlyk aladalarynyň ýokarlanmagynyň mümkinligi

ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlaryna sanlyja gün galanda, 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawlaryň netijelerine alada bildirildi.

Käbir adamlar 3-nji noýabrda geçiriljek prezident saýlawynda Donald Trumpyň ýa-da Jo Baýdeniň ýeňşine garamazdan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň köçelerdäki bidüzgünçiliklere baş goşjakdygyny çaklaýarlar. Soňky günlerde käbir federal we ştatlaryň döwlet işgärleri saýlawdan soňky howpsuzlyk ýagdaýyny çözmek meýilnamalaryny yglan etdiler. Içerki Howpsuzlyk Ministrligi we ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosy saýlaw işgärlerine ses berişlik wagtynda we ondan soň bolup biljek hüjümlere seresap bolmalydyna duýduryş berdiler. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň şu ýylky saýlawlarda galplygyň gutulgysyzdygy baradaky yzygiderli tutanýerliligi Amerikan jemgyýetinde aladaly psihologiki atmosfera döretdi. Prezident saýlawynda ýeňiş gazanjakdygyny ýa-da galplaşdyrylandygyny birnäçe gezek aýtdy. Pykyr soraşyklar , Trump tarapdarlarynyň köpüsiniň ABŞ-nyň prezidentiniň galplyk bilen ýeňiljekdigine ynanýandygyny görkezýär. Esasy zat, bu adamlaryň köpüsi ýaragly we harby tälimleri alandyrlar. “USA Today”gazeti, ABŞ-daky söweşiji gözegçilere salgylanyp, saýlawdan soňky tolgunyşyklara gatnaşmagy ähtimal dokuz söweşiji toparyň sanawyny çap etdi. Bu toparlar, korrupsyýaçy syýasatçylar we galp metbugat koalisiýasynyň kapitalistik sistemany agdarmak we ýurtda "sosialistik düýş görmek" üçin Trumpyň seslerini ogurlamaga synanyşýandyklaryna ynanýarlar. Olaryň pikiriçe, hususy eýeçilige hormat goýmak, ýarag azatlygy baradaky ABŞ-nyň kanunyna ikinji düzedişiň girizilmegi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkara guramalaryndan garaşsyzlygy Donald Trumpyň gaýtadan saýlawda ýeňiş gazanmagyna baglydyr. Şeýlelik bilen, bu toparlar şu ýylky kyn saýlawlarda Trump-y saklamak üçin ýarag ulanmaklary mümkindir. Elbetde, saýlaw howpsuzlygy ,howpy sagçy söweşijiler bilen çäklenmän, eýsem Amerikan jemgyýetine howp saljak, ekstremist çepçi toparlar tarapyndan hem ýüze çykmagy mümkindir. Soňky aýlarda bu toparlaryň käbir agzalary, şol sanda Antifa topary, ABŞ-da jyns taýdan kemsitme we polisiýanyň reňkli adamlara garşy zalymlygy bahanasy bilen käbir şäherlerde bidüzgünçilikler gurady. Çepçi ekstremist toparlar, eger Donald Trump prezident saýlawynda çalt ýeňiş gazanmagyny yglan etse ýa-da sesleriň sanamagyny yza süýşürilmegini yglan etse, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň käbir ýerlerinde zorlugyň artmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, sagçy ekstremist toparlar çepçi ekstremist toparlar bilen ýaragly çaknyşyk guranda has uly howp ýüze çykmagy mümkin