ABŞ-da president saýlawlar boýunça kazyýet işiniň başlamagy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9249-abŞ_da_president_saýlawlar_boýunça_kazyýet_işiniň_başlamagy
Garaşylyşy ýaly, 2020-nji ýylda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawy kazyýet işi bilen tamamlandy. ABŞ-da respublikan dalaşgäri Donald Trumpyň kampaniýasy käbir ştatlarda sesleriň sanalmagyna garşy birnäçe şikaýat edendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 05, 2020 15:43 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-da president saýlawlar boýunça kazyýet işiniň başlamagy

Garaşylyşy ýaly, 2020-nji ýylda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawy kazyýet işi bilen tamamlandy. ABŞ-da respublikan dalaşgäri Donald Trumpyň kampaniýasy käbir ştatlarda sesleriň sanalmagyna garşy birnäçe şikaýat edendigini habar berdi.

Amerikanyň Käbir ştatlarda, şol sanda möhüm bolan Pensilwaniýa ştatynda respublikan synçylaryna saýlaw uçastogyna girmeklerine saýlaw geçirmek üçin jogapkär bolan döwlet işgärleriniň rugsat bermeýändiklerini öňe sürýärler. 3-nji noýabrda geçirilen saýlawdan 24 sagat soň, prezident Donald Trump saýlawlarda giňden ýaýran galplyklar barada birnäçe gezek çykyşlarynda we twitlerinde nägilelik bildirdi. Şeýle hem, bu işiň ýokary Federal Kazyýete geçiriljekdigini aç-açan aýtdy. Demokrat dalaşgäri Jo Baýden 270 elektral ses almak üçin golaýlap barýarka, protestler hasam güýçlenipdur. Şu wagta çenli azyndan 70 million Amerikalyň  prezident saýlawyna goşulyp iň köp goşulmak rekordy täzeledi. Şeýle-de bolsa, Ak tamyň häzirki ýaşaýjysy mirasdüşeriniň açaryny aňsatlyk bilen tabşyrmajak ýaly görünýär. Trump saýlawda ýeňiş gazanmasa galplyk bolandyr diýen toslamasyny ençeme gezek aýtdy. Bu meselede ýokary Federal Kazyýete bir konserwatiw kazy ibermek baradaky yzygiderli Trampyň tagallalary belli bolýar. ýokary Federal Kazyýetiň kazylarynyň arasynda konserwatiw kazylaryň sany alty bolup beýleki kazylaryň sany 3-de galyp  ,Trump Ak tamda ýaşamagyna we prezidentliginiň dowamyna umyt edýär. Bu mesele şeýlelik bilen respublikanlaryň we olaryň tarapdarlarynyň ABŞ-daky kampaniýasyny birneme köşeşdirdi 20 ýyl ozal ýokary Federal Kazyýet başga bir respublikan kandidatyň kömegine geldi we Jorj W. Buşuň Florida ştatynyň seslerini sanamagyny togtatmagy buýurmak bilen Ak Tama girmegine ýol açdy. Respublikanlar , amerikan saýlawçylarynyň köpüsiniň islegine garşy bolan bu kararyň ýene bir gezek ulanyljakdygyna umyt edýärler.   Soňky aýlarda ýokary Federal Kazyýet, konserwatiw kazylaryň san taýdan artykmaçlygyna garamazdan, saýlaw gününden üç güne çenli Pensilwaniýa ştatynda poçta ibermek meselesini goşmak bilen käbir ýagdaýlarda Trump we respublikanlara garşy karar berdi. Netijede, ýokary Federal Kazyýetiň 2020-nji ýyldaky saýlaw işine girişi Trumpyň peýdasyna bolmajakdygy hem mümkindir.