Koronawirus epidemiýasy dünýäniň aglaba ýurduna ýaramaz täsirini ýetirýär
Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 263 müň adamdan, wirus ýokanlaryň sany 50 million 815 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 35 million 835 müň adamdan geçdi.
Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 35 million 835 müň adamdan geçdi.Koronawuris sebäpli ýogalanlaryň sany 126 müň 671 adama ýeten Hindistanda, wirusa ýoluganlaryň sany 8 million 555 müň 109 adama ýetdi. Russiýada soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 256 adam artyp, 30 müň 793 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 21 müň 798 adamlyk artyş bilen 1 million 796 müň adamdan geçdi. ABŞ-da Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 243 müň 768, wirusa ýoluganlaryň sany 10 million 288 müň adamdan geçdi.Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 271 adam artyp 40 müň 439, hasaba alynan kesellileriň sany 38 müň 619 adam artyp 1 million 787 müň 324 adamdan geçdi.Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 331 adam artyp 41 müň 394, wirusa ýoluganlaryň sany 32 müň 616 adam artyp 935 müň 104 adama ýetdi.Latyn Amerika ýurtlarynda koronawirusa ýoluganlaryň we epidemiýa sebäpli ýogalýanlaryň sany gün saýyn artýar.Epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda Braziliýada 128, Meksikada 219, Argentinada 212, Kolumbiýada 196 we Peruda 39 adam ýogaldy.Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Brazilýada 162 müň 397, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 664 müň adama ýetdi.Kovid-19 Meksikada 95 müň 27 adamyň ýogalmagyna, 967 müň 825 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.Argentinada epidemiýa sebäpli 33 müň 560 adam ýogaldy, 1 million 242 müň 182 adam hem hasaba alyndy.Kolumbiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 32 müň 791, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 143 müň 887 adama ýetdi.Peruda epidemiýa sebäpli 34 müň 879 adam ýogaldy, 922 müň 333 adam hem hasaba alyny.Belgiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 13 müň 55, wirusa ýoluganlaryň sany 500 müň 789 adama ýetdi.Wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň artmaga başlan Moldowa, Belarussiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlarda adam ýitgileri hem köpelmäge başlady. Şol ýurtlardaky adam ýitgileri we hasaba alynanlaryň sany şular ýaly: 1893/82 müň 346, 1007/106 müň 279, 1177/62 müň 819, 583/68 müň 665, 83/11 müň 336 adam. Marokkoda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 75 adam artyp, 4 müň 272 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 müň 596 adamlyk artyş bilen 256 müň 781 adama ýetdi. Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 19 müň 809 adamyň ýogalan Günorta Afrika Respublikasynda wirus ýokanlaryň sany 737 müň 278 adama ýetdi. Kambojada Wengriýanyň Daşary işler ministri Piter Sižýartonyň ýurda guran saparynda koronawirus testiniň položitel çykmagyndan soň, paýtagt Pnom Pen we onuň töweregindäki welaýatda mekdepleriň 2 hepdeligine ýapyljakdygy aýan edildi.