Yragyň Goranmak ministriniň Tährana sapary
Yragyň Goranmak ministriniň Tährana sapary Goranyş we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň çäginde strategiki sapardyr.
Sebitiň anyk ýagdaýlary we howpsuzlyk we terrorçylyga garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyň zerurlygy Eýran-Yrak gatnaşyklaryny strategiki ýolda goýýan bölekleriň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, şenbe güni noýabryň 14-inde Yrak Respublikasynyň Goranmak ministri "Juma Anad Saadoun", Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri Brigada generaly "Amir Hatamiň" çakylygy boýunça Tährana eden sapary wagtynda, Eýranly kärdeşi bilen duşuşmakdan başga-da Eýranyň beýleki resmileri bilen duşuşyp maslahatlaşdy.
Geçen iýulda Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazeminiň Tährana eden sapary wagtynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesi täze tapgyra gadam basdy.
Eýran rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, Yragyň premýer-ministriniň Tährana eden sapary zamanynda 2020-nji ýylyň 21-nji iýulynda eden çykyşynda: iki taraplaýyn peýdalar, gyzyklanmalar, howpsuzlyk, mertebe, sebit häkimligi , ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Yrakdaky ýagdaýyň gowulaşmagy Eýran Yslam Respublikasy üçin diýseň möhümdir.
Hezretleri,General Kassem Soleýmanyň we Abu Mahdi al-Mohandesiň şehit edilmeginde, ABŞ-nyň wagşyçylygyny görmek bolýar diýip belläp geçdi we yragyň dowleti,mejlisi we halkyndan Amerikalylaryň çykarylmagyny isledi.
Yrak halky we sebitdäki beýleki ýurtlar ABŞ-nyň bolmagy we sebite gatyşmagy barada ajy we gorkunç tejribäni başdan geçirdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, 2001-nji ýyldan bäri terrorçylyk topary bolan "Al-Kaýda" bilen söweşmek bahanasy bilen sebite geldi, emma Amerika ony özi döretdi we sebiti howpsuzlyga we giň ýaýran terrorçylyga saldy, şol ýerde DAEŞ we başga-da onlarça terrorçy topar peýda boldy.
Syýasy meseleler boýunça bilermen Huseýn Roýwaran: "Yrak toparlarynyň köpüsiniň aýdara zady bar" -diýdi. Ol şeýlede,Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň esasan terrorçy toparlar bilen arabaglanyşygy we olara ýarag berýändigi, bu terrorçylar gabaw astyna alnanda kömek etmäge synanyşýandygy we bularyň hemmesi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň DAEŞ-a garşy koalisiýada däl-de, eýsem kömek etmek üçin koalisiýada-da işjeňdigini görkezýär diýdi. "Bular Yrak jemgyýetiniň gaty möhüm meseleleridir.
Sebitdäki häzirki ýagdaý, ABŞ-nyň sebitdäki harby güýçleriniň diňe bir howpsuzlyk döretmän, eýsem has agressiýa ýol açandygyny görkezýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary sebitdäki käbir arap ýurtlaryna Ysraýyl bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin basyş edip, sebitdäki howpsuzlyk deňlemelerini Ysraýylyň peýdasyna üýtgetmäge synanyşýar.
Bu komponentleri we görkezijileri göz öňünde tutup, Eýran-Yrak gatnaşyklarynyň köptaraply ähmiýete eýedigini aýdyp bileris. Şonuň üçin Eýranyň Yragyň howpsuzlygyny berkitmekdäki roly diňe iki ýurt üçin däl, eýsem Birleşen Milletler Guramasynyň sebit maksatlary üçinem möhüm ähmiýete eýedir.