Owganystandaky Gazni terrorçylykly hüjüminde ölenleriň sany 31-e ýetdi
Owganystanyň Gazni welaýatyndakyi Qala-e-Jawz harby bazasyna edilen terrorçylykly hüjümde ölenleriň sany azyndan 31-e ýetdi.
Eýranpress habarlar gullugynyň beren habaryna görä Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary "Tarik Arian" ýekşenbe güni irden Gazni welaýatynyň "Dehýek" şäheriniň ýolunda "terrorist agent" partlaýjy maddalardan doly bolan ulagy partlatdy diýdi.
bu terrorçylykly partlama Owganystanyň günortasyndaky Gazni welaýatynyň üçünji etrabynda ýüze çykdy we 24 adam hem ýaralandy.
Keselhananyň çeşmeleriniň yglan etmegine görä ölenleriň we ýaralananlaryň hemmesi owgan howpsuzlyk güýçleridir.
Gazni welaýat geňeşiniň başlygy Nasir Ahmad Fakiri özüniň Facebook sahypasynda "Bu sebitdäki partlamadan soň çaknyşyk boldy" diýip ýazdy.
Partlamanyň jogapkärçiligini hiç bir topar ýa-da şahs öz üstüne almady.
Owganystanyň günortasyndaky Gazni welaýaty, welaýatyň köp böleginde "Talyban"yň hereket etmegi üçin iň howply welaýatlardan biridir.