Kovid-19 Howply Bolmagynda Galýar
Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 630 müň 70 adamdan geçdi
Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 630 müň 70, wirusa ýoluganlaryň sany 73 million 275 müň, sagalanlaryň sany 51 million 413müň adamdan geçdi.
ABŞ-da epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 308 müň 91, wirusa ýoluganlaryň sany 16 million 942 müň 980 adama ýetdi.
Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 64 müň 402, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 869 müň 666 adama ýetdi.
Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 491 adam artyp 65 müň 11, hasaba alynan kesellileriň sany 12 müň 30 adam artyp 1 million 855 müň 737 adamdan geçdi.
Gollandiýada koronawirus sebäpli 10 müň 82 adam ýogaldy, 621 müň 944 adam hem hasaba alyndy. Ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli 2021-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli mekdepleriň, ähli bazarlaryň we dükanlaryň ýapylmagy barada karar kabul edildi.Kovid-19 sebäpli,Braziliýada 181 müň 945,Meksikada 114 müň 298,Fransiýada 58 müň 282,Ispaniýada 48 müň 13,Argentinada 41 müň 41,Kolumbiýada 39 müň 195,Peruda 36 müň 754,Polşada 22 müň 960,Germaniýada 22 müň 887,Belgiýada 18 müň 54,Çilide 15 müň 931,Ukrainada 15 müň 247,Ekwadorda 13 müň 875,Kanadada 13 müň 553.Ruminiýada 13 müň 494 adam ýogaldy.
kowid-19 sebäpli 2 müň 585 adamyň ýogalan Ýaponiýada wirusa ýoluganlaryň sany 179 müň 653 adama ýetdi.
Hindistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 143 müň 746 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 9 million 906 müň 507 adama ýetdi.
Iordaniýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 42 adamlyk artyş bilen 2 müň 863 adama ýetdi. Ýurtda hasaba alynanlaryň sany bolsa 3 müň 407 adamlyk artyş bilen, 262 müň 477 adama ýetdi.
Alžirde soňky 24 sagatda ýene-de 13 adamyň Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalmlagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 2 müň 603 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 603 adamlyk artyş bilen, 92 müň 597 adama ýetdi.