Owganystanda üç milliondan gowrak çaga bilimden mahrum boldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9950-owganystanda_üç_milliondan_gowrak_çaga_bilimden_mahrum_boldy
BMG-nyň Baş sekretary Owganystandaky 3 million 700 müň çaganyň bilimden mahrumdygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 25, 2021 15:43 Asia/Ashgabat
  • Owganystanda üç milliondan gowrak çaga bilimden mahrum boldy

BMG-nyň Baş sekretary Owganystandaky 3 million 700 müň çaganyň bilimden mahrumdygyny habar berdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres "Bütindünýä bilim güni" beren gürrüňlerinde Owganystanda ilkinji häzirki zaman bilim merkeziniň döredilmeginden 117 ýyl geçendigine garamazdan, bu ýurtda bilimi giňeltmek üçin entek uzak ýoluň bardygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Owganystanda 18,000 bilim merkezi we sekiz million okuwçy bar, olaryň 45 göterimini gyzlar ybaratlaýar.

Uruş, Talyban topary, Owganystandaky garyplyk we jemgyýetçilik däpleri çagalaryň bilimden mahrum edilmeginiň esasy sebäpleridir.

Talyban toparynyň gözegçilik astyndaky ýerlerde gyzlaryň bilim almagy gadagandyr.

BMG-nyň Baş sekretary dünýädäki hökümetleri çagalara bilim bermekdäki kynçylyklary ortadan aýyrmaga çagyrdy.