Feb 07, 2021 15:09 Asia/Ashgabat

راهی بسوی نور(877)Gafer süresi, 38-39 we 40-njy aýatlar

:وَقَالَ الَّذِي آمَنَ يَا قَوْمِ اتَّبِعُونِ أَهْدِكُمْ سَبِيلَ الرَّشَادِ (38) يَا قَوْمِ إِنَّمَا هَذِهِ الْحَيَاةُ الدُّنْيَا مَتَاعٌ وَإِنَّ الْآخِرَةَ هِيَ دَارُ الْقَرَارِ (39) مَنْ عَمِلَ سَيِّئَةً فَلَا يُجْزَى إِلَّا مِثْلَهَا وَمَنْ عَمِلَ صَالِحاً مِّن ذَكَرٍ أَوْ أُنثَى وَهُوَ مُؤْمِنٌ فَأُوْلَئِكَ يَدْخُلُونَ الْجَنَّةَ يُرْزَقُونَ فِيهَا بِغَيْرِ حِسَابٍ (40)

<< ( şol ) iman getiren adam aýtdy : eý meniň kowmum ! sizi dogry ýola hedaýat eder ýaly maňa eýeriň // eý kowmum ! dünýäniň ýaşaýşy entejik mata ( hökmünde)dir we ahyret hemişelik saraýdyr, // her kim telek iş etse oňa eden etmişinden artykmaç jeza berilmez ( ýöne ) her kim ýagşy iş etse indi hä erkek bolsun hä zenan, we mömin bolsun olaryň hemmesi behişde girerler we şol ýerde olara hasapsyz ryzyk berler. >>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Fyrown, hezreti Musany öldürmekçi boldy şonda , fyrownyň köşgünde ýaşaýan ýöne ýaşrynlykda hezreti musa iman getiren bir adam ara duşup fyrowny bu niýetinden alyp galmak üçin ol bilen gürrüň etdi . ahyrda hem fyrown wagytlaýynça öz pälinden gaýtdy, ýöne wezirine ýüzlenip hezreti musaň aýdýan hudaýyny görmek üçin bir beýik diňi galdyrmagy ondan isledi. Fyrown şol diňiň üstüne çykyp hezreti musaň aýdýan hudaýnyň asmanlarda bardygyny ýada ýokdygyny bilmekçi boldy .Elbetde hezreti Musa , alla asmanda we ony diňiň üstüne çykyp görüp bolýar diýip aýtmandy ýöne şondan gelende fyrown garamaýak ilaty aldamak maksady bilen öz wezirine şeýle bir buýrugy berdi . ýaňky mömin adam fyrownyň bu hili hile bazlykly işlerini görüp halka hakykatyň nämedigini bildirmek üçin olar bilen gürrüň etdi . ol ilata ýüzlenip iki möhüm meselä yşarat edip:Birinjiden ynsanyň ýaşaýyşy diňe şu dünýäniň ýaşaýyşyna çäklenýän däldir eýsem bu dünýä geler, geçer bir zatdyr we ynsanyň jan matasy näçe günlikdir we ajal gelip ynsanyň ýakasyndan ýapyşan soň hemmeler öljekdirler, ölümden gutuljak bolmaz ýöne ölümden soň ýene bir dünýe bardyr we hemmeler şol ýere barjakdyrlar. ikinjiden hem ahyret saraýyndan ynsanyň derdine ýarap biljek zat ynsanyň şu dünýede edýän ýagşy amallarydyr sebäbi ol dünýä padaş we jezanyň saraýydyr we her kim özüniň şu dünýädäki eden etmişine we ýagşy amallaryna laýyklykda jeza görer ýada serpaý alar diýip aýtdy.Elbetde kyýamatda ynsanlara jeza ýada serpaý bermekde zenan bilen erkekleriň arasynda hiç hili paryh boljak däldir, her kim özüniň amallaryna laýyklykda jeza ýada serpaý aljakdyr.Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- mömin ynsan hemişe beýleki ynsanlary dogry ýola hedaýat etmekligi özüniň borjy bilýändir bu  borç hiç mahal onuň gerşinden sowulýan däldir.2- dünýä ygtybar ýokdur ýöne weli ahyret ynsanyň hemişelik saraýydyr onda şol hemişelik saraýy gazanmak üçin ynsan şu dünýäde dogry ýaşamalydyr .3- ynsanyň kemal derejelerine ýetmeginde onuň erkek ýada zenan bolmagy dahylly däldir we her kim salyhy we mömin adam bolsa kemalyň ýokary derejelerini elgerip bilýändir.4- amalsyz imandan ynsana haýyr ýetmez şonçada imansyz ýagşy amal hem ahyretde ynsanyň derdine dewa bolmaz eýsem iman bilen ýagşy amal bir birleriniň ýanynda bolan ýagdaýynda ynsana haýyr ýetirip bilerler .Gafer süresi, 41 we 42- nji aýatlar

:‏وَيَا قَوْمِ مَا لِي أَدْعُوكُمْ إِلَى النَّجَاةِ وَتَدْعُونَنِي إِلَى النَّارِ (41) تَدْعُونَنِي لِأَكْفُرَ بِاللَّهِ وَأُشْرِكَ بِهِ مَا لَيْسَ لِي بِهِ عِلْمٌ وَأَنَا أَدْعُوكُمْ إِلَى الْعَزِيزِ الْغَفَّارِ (42)

<< eý meniň kowmum ! men sizi ( otdan ) gutulmaklyga çagyrýan halymda siz meni dowzaha tarap çagyrýarsyňyzmy ? // ( şeýlede ) meni alla kapyr bolmaklyga we bilmeýän zadymy oňa şärik kaýyl bolmaklyga çagyrýarsyňyzmy ? ( emma şol halda ) men sizi gutratly we ýalkowjy alla tarap çagyrýaryn ( diýip şol mömin adam) aýtdy .>>

Bu aýatlardan belli bolşuna görä Fyrownyň köşgünde ýaşaýan şol mömin adam mundan beter özüniň imanyny basyryp bilmän alla we hezreti musa hakyndaky özüniň hakyky garaýşyny Fyrownyň adamlaryna açaçan aýtdy şonda fyrownyň ýaranlary bu mömin adama öwit beren bolup ony raýyndan alyp galjak boldular, şonda ýaňky mömin adam olara ýüzlenip aýtdy : maňa öwit berýärsiňizmi? we menden öz barýan ýolumdan dolanmagy işleýärsiňizmi ? siz , ýaradylyşda we barlykda hiç roly bolmadyk Fyrowna hudaýlyk orny kaýyl bolup ony allanyň şärigi bilýärsiňiz we fyrown her näme diýse şony etmeli myka diýärsiňiz , siz , dogrulygyna hiç bir deliliňiz bolmadyk zatlary alla şärik tutunýärsiňiz, siz guman we yrym- yktykatlar bilen bu işi edýärsiňiz we onuň dogrulygyna eliňizde hiç bir delil ýokdur indi siz gelip taňry tagala kapyr bolmagy ýada oňa şärik kaýyl bolmagy menden isleýärsiňizmi? Siziň bu hili işleriňiziň soňy dowzahyň odundan başga zat dälkä siz meni hem bu işlere tara çagyrýarsyňyzmy ?Ýene ol mömin adam Fyrownyň ýaranlaryna ýüzlenip : siziň ýol diýip çagyrýan zadyňyz gümrälikden we azgynçylykdan aýry zat däldir, ýöne men sizi aýdyň ýola dimek ýalkowjy we gutratly allanyň ýoluna tarap çagyrýaryn , men sizi allanyň bendeligine tarap we oňa şärik kaýyl bolmazlyga tarap çagyrýaryn, siz alla tarap dolansaňyz dünýäni gurşap alyp duran onuň rahmetinden hem paýly bolarsyňyz diýip aýtdy .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- halky dogry ýola çagyrmakda ýekelikden gurkmaly däldir eýsem aýdyň delil we mantyk bilen gepiňi aýdyp olary haka tarap çagyrmalydyr we bu meselede ýüregiňe gorky we şek salmaly däldir .2- ynsanyň bagtyýarlyk we gutulyş ýoly onuň alla iman getirip ýagşy amallary etmaginiň saýasyndadyr.3- şirkiň yzynda hiç hili mantyk we dogrulyk ýokdur şirk , ýöne bir boş gumandyr , gumralykdyr .4- taňry tagala şeýile bir gutratly bolsada onuň rahmeti we ýalkowy hemmelere ýetişýändir we hiç kim allanyň rahmetinden we ýalkowundan numyt bolmaly däldir ./////////////