Feb 07, 2021 15:35 Asia/Ashgabat

راهی بسوی نور(881)Gafer süresi

, 57, 58 we 59-njy aýatlar

:لَخَلْقُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ أَكْبَرُ مِنْ خَلْقِ النَّاسِ وَلَكِنَّ أَكْثَرَ النَّاسِ لَا يَعْلَمُونَ (57) وَمَا يَسْتَوِي الْأَعْمَى وَالْبَصِيرُ وَالَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ وَلَا الْمُسِيءُ قَلِيلاً مَّا تَتَذَكَّرُونَ (58)‏ إِنَّ السَّاعَةَ لَآتِيَةٌ لَّا رَيْبَ فِيهَا وَلَكِنَّ أَكْثَرَ النَّاسِ لَا يُؤْمِنُونَ (59)

<< gökleriň we ýeriň ýaradylmaklary hökman ynsanyň ýaradylmagyndan ulurak ( we möhümräkdir). Ýöne ynsanlaryň köpüsi ony bilmeýärler .// görýänler bilen görmeýänler deň däldirler we iman getirip ýagşy işleri edýän adamlar hem telek işleri edýän adamlar bilen deň däldirler . onda neçük az ybrat alýarlar ?// takyk kyýamat hakdyr oňa şek edip bolmaz ýöne ynsanlaryň köpüsi oňa iman getirmeýärler .>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly dine garşy bolan adamlar yslam pygamberi we möminler bilen jedel edip hak sözüni kabul etmekden boýun gaçyrýardylar. gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: müňkürleriň we kapyrlaryň jogabynda aýdyň :gökleriň we ýeriň ýaradylmaklary möhümräkmi ? ýada allanyň ynsanlary ölenleri soň kyýamatda ýaňadan direldip bilmegi ? şol uly- uly şarlary we asmanlyk jisimleri ýaradan alla ölen adamlary we närseleri kyýamatda ýaňadan direldip bilmezmi ? elbetde direldip biler .Dogrusy allany şeýle bir işden natuwan bilýän ynsanlar hem olar allanyň gudratyny özleriniň gudraty bilen deňişdirip : hide bir ölen zady direldip boljakmy diýip aýdýandyrlar .Allanyň gudratyna bu hili baha bermeklik we ony ynsanyň gudraty bilen deňişdirmeklik dogrusy nadanlygyň nyşanalaryndandyr. Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : görüp bilýän ynsanlar bilen görüp bilmeýän ynsanlar deň bolup bilmezler, nadan adam hem edil şol kör ynsan ýaly hakykatlary görüp bilýän däldir, olar gaflat belesyna uçrandyklary zerarly kördirler şonuň üçin hem hakykaty görüp bilýän däldirler, ýöne magrafat çeşmesinden suw içýän ynsanlar edil gözli ynsanlardyrlar we olar magrafat gözi bilen hakykaty görýändirler . oňa gürä bu iki topar bir birleri bilen hergiz deň bolup bilmezler, gözli ynsan hem özüniň kiçiligini görýändir hemde älem- jahanyň azamatyna göz ýetirýändir, şonuň üçin hem ol özüniň ejizligini bilýändir. ýöne nadan ynsan we hakykatdan daş düşen ynsan ne özüni dogry tanaýandyr we nede älem- jahanyň azamatyna göz ýetirip bilýändir. şonuň üçin hem ol hakykaty seljermekde ýalňyşyp hata işleri edýändir . gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem köpleriň inkär etmeklerine garamazdan kyýamatyň berhakdygyny nygtap olaryň inkär etmekleri kyýamat barada allanyň beren wadasynyň durmuşa geçmegine zerre täsiri bolmaz diýip beýan edýär .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- kyýamatyň azamatyna karap ony düýüp bilsek hergiz tekepbirçilik belasyna uçramarys.2- kapyrlaryň kyýamaty inkär etmekleriniň delilleriniň birside olaryň nadanlygydyr.3- kapyrlyk we pysatçylyk ynsanyň aklyny zaýalap hakykaty görüp bilmezligine sebäp bolýandyr .4- allanyň adalaty , hikmeti we gudraty , onuň kyýamatyň berhaklygy baradaky wadasynyň durmuşa geçmegini talap edýändir onda allanyň bu wadasyna şübhe bildirmek dogry däldir.Gafer süresi, 60-njy aýat

:وَقَالَ رَبُّكُمُ ادْعُونِي أَسْتَجِبْ لَكُمْ إِنَّ الَّذِينَ يَسْتَكْبِرُونَ عَنْ عِبَادَتِي سَيَدْخُلُونَ جَهَنَّمَ دَاخِرِينَ (60)

<< repbiňiz aýtdy : meni çagyryň tä sizi ejabat edeýin , meni ybadat etmekden boýun gaçyryp tekepbirçilik edýän ynsanlar basymlykda har bolup dowzaha düşerler .>>

Gurhan kerim geçen aýatda kyýamatyň berhaklygyny nygtamakdan soň bu aýatda aýdýar: diňe bir günäkär adamlar däl eýsem allany dogry tanamaýan we onuň ybadatyny ýerine ýetirmeýän ynsanlar hem dowzaha düşerler, sebäbi olaryň bu işi , bir hili ýaradanyň garşysynda özüňi uly saýmaklykdyr her kim özüni uly hasaplap allanyň ybadatyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrsa ol kyýamatda har we zelil bolup dowzah oduna düşjekdir .Elbetde ynsanyň allanyň dergähine ybadat etmeklige borçly edilmegi allanyň öz bendeleriniň ybadatyna mätäçligi üçin däldir eýsem ynsanda tekepbirçilik ruhyýasyny öldürmek üçindir. sebäbi tekepbirçilik ruhyýasy ynsany dowzahyň oduna giriftar edýändir, alla ynsany şeýle bir beladan daş saklamak üçin ony ybadat etmeklige borçly edendir.Gurhan kerim bu aýatda allanyň ybadatyny ýerine ýetirmegiň bir mysalyny hem beýan edip ynsandan allanyň dergähine doga – dilek etmekligi isleýär . hakyky bende , namaz we ruza ýaly ybadatlary ýerine ýetirmegiň ýanynda yhlas bilen allanyň dergähine ýüzlenip doga dilek etse alla hem onuň doga dileglerini kabul etjekdir . elbetde bendäniň doga - dilegleriniö kabul bolmagy özüne görä şertleri bardyr. alla tagala özüniň hikmeti esasynda hem doga edýän adamyň hemde köpçiligiň bäbidi içinde bolan görnüşinde doga - dilegleri ejabat edýändir .Hamala işlemän zähmet çekmän alladan ryzk ýada baýlyk dilemeklik dogry däldir. alla tagala ryzkyň yzynda zähmet çekýän bendeleriniň ryzk baradaky doga - dileglerini ejabat edip olaryň ryzkyny artykmaçlygy bilen berýändir .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- doga - dilegler , bir hili tekepbirlikden daşlaşyp allanyň bendeliginde tapylmaklykdyr .2- doga- dilegde diňe alladan tamakyn bolmalydyrys we öz isleglerimizi diňe alladan dilemelidirs we alldan özge hiç kimden tamakyn bolmaly däldiris .3- taňry tagala biziň mätäçligimizi bilýändir we biziň ybadatlarymyza we dogalarymyza mätäç däldir. egerde alla tagala gurhanda "ybadat ediň , doga ediň" diýip boýruk beren bolsa ynsanyň öz bäbidi üçindir, sebäbi ybadatyň we dogaň bereketleri ynsanyň özüne dolanýandyr, şol sanda ybadat edýän ynsan tekepbirlik belasyndan daş bolýar. tekepbirlik bolsa ynsany bet bagdlyga uçradýan beladyr.4- allanyň garşysynda özüňi uly saýyp tekepbirlik etmeklik, kyýamatda ynsany har we zelil etjekdir.///////////