bölüm 882, süre Gafer, aýat 61-65
راهی بسوی نور(882)Gafer süresi,
61, 62 we 63-nji aýatlar
:اللَّهُ الَّذِي جَعَلَ لَكُمُ اللَّيْلَ لِتَسْكُنُوا فِيهِ وَالنَّهَارَ مُبْصِراً إِنَّ اللَّهَ لَذُو فَضْلٍ عَلَى النَّاسِ وَلَكِنَّ أَكْثَرَ النَّاسِ لَا يَشْكُرُونَ (61) ذَلِكُمُ اللَّهُ رَبُّكُمْ خَالِقُ كُلِّ شَيْءٍ لَّا إِلَهَإِلَّا هُوَ فَأَنَّى تُؤْفَكُونَ (62) كَذَلِكَ يُؤْفَكُ الَّذِينَ كَانُوا بِآيَاتِ اللَّهِ يَجْحَدُونَ (63)
<< Alla onda dinç alar ýaly gijäni siz üçin ýaradan kimsedir we gündüzi ýagtylyk üçin ýaradandyr . dogrudanda alla ynsanlara , fazyl we ehsan edýändir ýöne olaryň köpüsi şükrüni kylýan däldirler. // bu kimse alladyr , bütin zatlary ýaradan we siziň repbiňiz . ondan gaýry perwerdigär bolmaz . onda nähili ( hakdan ) saklandyrylýaňyz ?// allanyň aýatlaryny inkär edýän adamlar şu hili ( dogry ýoldan ) azaşýandyrlar .>>
Gurhan kerim bu aýatlarda ýene bir gaýtar towhyt meselesine diýmek allanyň birligine dolanyp ünsleri allanyň nygmatlaryna tarap çekmek bilen aýdýar : gijäň garaňkylygy we gündiziň ýagtylygy bu zatlar allanyň ynsanlara merhemet eden uly nygmatlarydyr gündüziň nury we gyzgynlygy ösümlikleriň ösüp durly miwalary we hasyllary öndermeklerine sebäp bolýar, şeýlede haýwanlar we ynsanlar gündüziň ýagtylygynda hereketde bolup özleriniň ryzyklaryny gowalaýarlar. gijäniň garaňkylygy hem ynsanlara dinç alyp ýene bir gün üçin güýjüni jemlemegine şert döredýär. Gije- gündüziň yzly yzyna gelip durmagy bolsa ýaşaýyşyň ýeriň ýüzünde dowam etmegine sebäp bolýar . ýöne ynsanlaryň köpüsi allanyň merhemet eden gije we gündiz ýaly nygmatlaryny görmeýän ýaly bolup ýaşaýarlar we onuň şükrüni kylmaýarlar eýsem tersine amal edip allanyň ýerine başga närseleriň yzynda bolýarlar , hatda alldan gaýry jansyz zatlara bil baglap olardan kömek söraýarlar şeýdipde allanyň bendeliginden daş düşýarlar . şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda bu nygmatlary bagyş eden kimsäni tanydyp aýdýar : bu nygmatlary bagyş eden kimse alladyr ol siziň eýäňiz we terbiýeleijiňizdir. Ol barça zatlary ýaradan perwerdigärdir ondan gaýry perwerdigär bolmaz , ol hem ýaradyjydyr hemde ýaradan zatlarynyň çäresini görýändir .Şonuň üçin diňe alla bendelik etmäge laýykdyr, alladan gaýry zatlara bendelik etmeklik güngärlikdir onda nähili hak ýolundan azaşýarsyňyz we alladan gaýra çokunýarsyňyz ? allanyň aýatlaryny inkär edýän ynsanlar şübhesiz hakdan daş düşüp gümralyga uçrajakdyrlar.Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- alla tagala ýaradylyşyň düzüminde gündizi zähmet we talaş üçin gijäni hem dinç almak üçin goýandyr . onda öz ýaşaýyşymyzda allanyň tebigatda goýan şeýile bir düzümine üns bereli .2- dünýäde alla hiç kimi hatda kapyrlary we müşrükleri özüniň nygmatlaryndan mahrum edýän däldir allanyň nygmatlaryndan hemmeler peýdalanýandyrlar .3- alla tagala özüniň beren nygmatlary üçin ynsanlardan hiç zada garaşýan däldir . ynsanlar hatda şükür kylmasalarda alla özüniň nygmatlaryny olaryň üstünden iberýändir .4- ýokdan bara getirip ýaradan zatlarynyň çäresini görüp bilýän kimse bendelik etmeklige laýykdyr ol kimse bolsa alladan gaýry hiç kim bolup bilmez .Gafer süresi, 64 we 65-nji aýatlar
:اللَّهُ الَّذِي جَعَلَ لَكُمُ الْأَرْضَ قَرَاراً وَالسَّمَاء بِنَاء وَصَوَّرَكُمْ فَأَحْسَنَ صُوَرَكُمْ وَرَزَقَكُم مِّنَ الطَّيِّبَاتِ ذَلِكُمُ اللَّهُ رَبُّكُمْ فَتَبَارَكَ اللَّهُ رَبُّ الْعَالَمِينَ (64) هُوَ الْحَيُّ لَا إِلَهَ إِلَّا هُوَ فَادْعُوهُ مُخْلِصِينَ لَهُ الدِّينَ الْحَمْدُ لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ (65)
<< (alla) ýer şaryny siz üçin asuda mekan aýlandyran kimsedir we siz üçin gökleri dikeldendir we size gözel surat bagyş edendir we siziň ryzkyňyzy arassa zatlardan berendir . bu alla siziň perwerdigäriňizdir bereket eýesidir, alla älem jahanyň perwerdigäridir .// ol diridir ondan gaýry alla bolmaz onda diniňizi onuň üçin halys aýlandyran halyňyzda ony çagyryň hämt we sena älem jahanyň perwerdigäri bolan alla mahsusdyr.>>
Gurhan kerim öňki aýatlarda allanyň ynsanlara bagyş eden nygmatlarynyň ýene bir näçesini ýatladyp geçmekden soň bu aýatlarda ýer- gögiň ynsanyň ýaşaýyşyndaky täsirlerine yşarat edip aýdýar : ýer şarynyň aýlanyp durmagy netijesinde gije gündüziň we dürli pasyllaryň amala gelmeklerine karamazdan ýer şary ynsanyň aram - karar tapýan mekanydyr. alla ynsanyň aram karary üçin gerek bolan bütin şertleri ýer şarynda goýandyr, ynsanyň asuda ýaşamagy üçin gerek bolan zatlaryň hemmesi ýer şarynda bardyr . şonuň üçin hem ynsanlar asudalyk bilen ýer şarynda ýaşap özleriniň gün oňşuklaryny kowalap bilýändirler .Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : alla asmany siziň depäňizde bir çadyr ýaly edip goýdy tä sizi howp hatarlardan gorar ýaly . asmanyň astynda atomesferany goýdy sizi howply çakrymlardan goramak üçin. aýry bir tarapdan hem atmesfere , ýer şaryny we ondaky jandarlary asmanlyk jysymlardan we şahaplardan aman saklaýandyr .Gurhan kerim şeýilede bu aýatlarda allanyň ynsana bagyş eden nygmatlarynyň ýene birsine yşarat edip : alla gözel surat size bagyş etdi we sizi beýleki haýwanlardan paryhly edip ýaratdy, bu artykmaçlyk allanyň ynsana bagyş eden uly nygmatydyr diýip aýdýar . şu ýerde bir zady ýatlap geçmeli olda ynsanyň beden agzalry bir hilidir weli ol inçe hünärleriň hütdäsinden gelip bilýändir agyr senagatlaryň we çylşyrymly işleriň hem hütdäsinden gelýändir bu zady beýleki haýwanlaryň hiç birisi başarýan däldir .Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda arassa imidlere we içgilere yşarat edýär . bu imidler we içgiler ynsanyň tebigatyna peýdalydyrlar we ynsan olardan peýdalanyp lezzet alýandyr . şonuň üçin gurhan aýdýar: alla tagala bu nygmatlary size bagyş etdi, alla ölmez ýitmezdir, ol, bereket eýesidir we älem jahanyň işlerine hem özi çäre görýändir onda diňe alla tagala bendelik etmeklige we çokunmaklyga laýykdyr .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- ýer şary öz töweregine hemde gün şarynyň töweregine aýlanyp dursada onuň içinde ýaşaýan ynsanlar ýeriň aýlanyp duranyny duýýan däldirler eýsem asudalykda onda ýaşandyrlar.2- ýer şaryndaky asudalyk , asmanyň bena edilşi we ynsanlara päk we arassa zatlardan ryzkyň berilşi bu zatlaryň hemmesi ynsanyň özgerip kemala tarap hereket etmegi üçindir.3- barça närseleriň arasynda alla ynsana iň gözel surat bagyş edip ony ýaradandyr. bu bolsa allanyň ynsanlara merhemet eden uly nygmatydyr.4- allanyň rahmeti we bereketi bütin älem- jahany şol sanda ynsanlary gurşap alandyr, onda diňe alla bendelik edip yhlas bilen oňa çokunmalydyr./////////////