bölüm 883, süre Gafer, aýat 66-68
راهی بسوی نور(883)Gafer süresi
, 66-njy aýat
:قُلْ إِنِّي نُهِيتُ أَنْ أَعْبُدَ الَّذِينَ تَدْعُونَ مِن دُونِ اللَّهِ لَمَّا جَاءنِيَ الْبَيِّنَاتُ مِن رَّبِّي وَأُمِرْتُ أَنْ أُسْلِمَ لِرَبِّ الْعَالَمِينَ (66)
<< (eý pygamber! olara ) : repbim tarapyndan maňa aýdyň deliler gelip älem- jahanyň perwerdigärine boýun egmeklik maňa emir edilen mahaly siziň alladan gaýry çagyrýan närseleriňize bendelik etmekden saklanmak menden islenendir” diýip aýt >>
Geçen gepleşiklerde allanyň birligine delalat edýän nyşanalaryndan we ylahy nygmatlardan gürrüň etdik. gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : kapyrlar we müşrükler bilen ýüz be ýüz bolaňda olara özüň alla tarapyndan pygamberlige bellenendiňini we alladan gaýry zatlara çokunmazlyga emir edilendigiňini olara ýatla şeýilede olara , Butlara çokunmazlygyň jedeliň ýüzünden dälde eýsem mantyk we delil ýzündendigini aýdyp ber.Men Butlara dälde eýsem älem- jahanyň hakyky eýesi bolan we barça zatlary ýaradan ýeke taňryň garşysynda dyza çöküp oňa tagzym edýärin we diňe allany ybadat edýärin sebäbi alla meniň hakyky eýäm we döstümdir” diýip müşrüklere we kapyrlara aýt diýip gurhan kerim bu aýatda pygamberden isleýär .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- Allanyň “et ýada etme” diýip aýdýan zatlary mantyk we delil esasyndadyr oňa görä akyl bilen wahynyň arasynda çaprazlyk ýokdur . olar bir birlerini magullaýandyrlar.2- diňä bir kimsä boýun egmelidir weli ol kimse älem jahany ýokdan bara getiren alla bolmalydyr, allanyň garşysynda boýun egip onuň emrini ýerne ýetirmeklik ybadatyň kämil görnüşidir .Gafer süresi, 67 we 68-nji aýatlar
:هُوَ الَّذِي خَلَقَكُم مِّن تُرَابٍ ثُمَّ مِن نُّطْفَةٍ ثُمَّ مِنْ عَلَقَةٍ ثُمَّ يُخْرِجُكُمْ طِفْلاً ثُمَّ لِتَبْلُغُوا أَشُدَّكُمْ ثُمَّ لِتَكُونُوا شُيُوخاً وَمِنكُم مَّن يُتَوَفَّى مِن قَبْلُ وَلِتَبْلُغُوا أَجَلاً مُّسَمًّى وَلَعَلَّكُمْ تَعْقِلُونَ (67) هُوَ الَّذِي يُحْيِي وَيُمِيتُ فَإِذَا قَضَى أَمْراً فَإِنَّمَا يَقُولُ لَهُ كُن فَيَكُونُ (68)
<< alla sizi toprakdan ýaradan kimsedir , soň Nutfadan Alaga öwrüp sizi dogyt şeklinde ýaradandyr . soň ( sizi östürip ) kuwwatyňyzy kemala ýetirendir . soň sizi garradandyr we käleriňiz hem garrylykdan ozal ýok olýarsyňyz ( käleriňiz hem diri galyp ) belli edilen derejede ösýärsiňiz belkide oýlanarsyňyz diýip // oldur direldýän we öldürýän kimse we haçanda bir zady yrada etse “bol diýer, bes şol zaman bolar” >>
Gurhanyň mundan ozalky bir naçe aýaty , ýer gögi we asmanlary we beýileki tebigi gopgunlary ýaratmakda allanyň gudratyna yşarat edendir. gurhan kerim bu aýatda hem ynsanyň toprakdan ýaradylmagynda we onuň nähili ýaradylmagyna , dogmagyna we ölmegine yşarat edýär. ynsanyň ýaradylyşy deslapky tapgyrda toprakdandyr. Hezreti Adam (a.s) hem topradan ýaradylandyr . oňa görä ynsanlaryň düýp maýasy toprakdyr aslynda barça janly zatlaryň , haýwanlaryň , guşlaryň we ösümlikleriň düýp maýasy toprakdyr . janly jandarlaryň hemmesi toprakdan amala gelip ahyrda hem topraga dolanýandyrlar. ynsanyň ýaradylyşynyň ikinji tapgyry hem nutfadandyr. bir damja suwdandyr. erkek bilen zenanyň önelgeleri zenanyň göresi dogydyň şekil tapýan ýeridir. nutfaň enäniň garnynda ulalyp doňak gana öwrülmegine gurhan kerim Alaga diýip aýdýandyr .soňky tapgyrda Alaga , Mozga diýen şekle öwrülýändir. Mozga edil bir et şeklindedir soň Mozgadan ynsanyň beden agzalary amala gelip enäniň garnynda çaga şeklini özüne alyp ugraýandyr . aýy- güni kämil bolup çaga şekil tapan soň hem ol dünýä inýändir . dünýä gelen çaga soň oglanlyk we ýetginjeklik döwürlerini arka atyp ýigitlik we ýaşlyk dörüne gadam goýýandyr . ýöne ýaşlyk döwri hem kän uzaga çekmän ynsan , ýaşlyk döwrüň göiç - kuwwatyny elden berip ýuwaş ýuwaşdan garrylyga tarap hereket edýändir. iň soň hem garran ynsan ölüme tarap ýakynlaşýandyr. elbetde ölüm ýaşlykda hem ynsanyň başyna gelip bilýändir şol sanda durli kedelçiliklerde ýada hadisalarda öz janlaryny elden berýän ýaşlar az däldir .Gurhan kerimiň bu aýatynda üns bermeli zatlaryň birside şudyr: gurhan kerim ölümden gürrüň edende ölümi ynsanyň ýok olmagy hökminde bilýän däldir eýsem perişdeler ynsanyň ruhuny özleri bilen başga bir dünýä alyp gidýärler, gurhan kerim şeýle bir ybaratdan peýdalanmak bilen hem materýalistik garaýyşlaryň tersine ölümiň ýok olmaklyk dälde eýsem bir tapgyrdan ýene bir tapgyra geçmeklikdigini aýdyp berýär.Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem dirilik bilen ölümden ybarat bolan ýaradylyşyň kanunyna yşarat edip : ölüm ýada dirilik allanyň elindedir alla her nämäni islese ol bolar , salym sagat geçmänkä hem bolar diýip aýdýar . ölmek we direlmeklik allanyň gudratynyň nyşanalaryndandyr. ylym - bilim şeýile bir ösen bolsada heniz onuň syrlaryna ýetip bilen däldir . elbetde allanyň gudratynyň ýanynda bu çahtlar kyn däldir we allanyň isleýän we yrada edýän zady bolýandyr alla bir zady direltjek diýse direldip biler öldürjek dise hem öldürip biler.Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- ynsan ýaly akylly parasatly närseleriň toprakdan ýaradylmagy allanyň gudratynyň nyşanalaryndandyr.2- ýaradylyş düzgüni bir kämil düzgündir we ölüm bolsa hemme zadyň soňlamagy hökmünde däldir eýsem ruh jesetden çykan soň kyýamat gopýança ýene bir tapgyrda ýaşaýyşyny dowam edýändir .3- alla , ynsanyň ýaradylyşy hakynda oýlanmaklygy tabşyrandyr. şol hakda oýlansak allanyň beýikligine göz ýetirjekdiris .4- direltmeklik we öldürmeklik diňe allanyň elindedir we alla her mahal yrada etse bu zatlar boljakdyr./////////////