bölüm 884, süre Gafer, aýat 69-76
راهی بسوی نور(884)Gafer süresi,
69, 70, 71 we 72-nji aýatlar
:أَلَمْ تَرَ إِلَى الَّذِينَ يُجَادِلُونَ فِي آيَاتِ اللَّهِ أَنَّى يُصْرَفُونَ (69) الَّذِينَ كَذَّبُوا بِالْكِتَابِ وَبِمَا أَرْسَلْنَا بِهِ رُسُلَنَا فَسَوْفَ يَعْلَمُونَ (70) إِذِ الْأَغْلَالُ فِي أَعْنَاقِهِمْ وَالسَّلَاسِلُ يُسْحَبُونَ (71) فِي الْحَمِيمِ ثُمَّ فِي النَّارِ يُسْجَرُونَ (72)
<< allanyň aýatlary barada jedel edýän adamlary we olaryň ( hakdan ) nähili azaşandyklaryny görmediňmi ?// olar , ( allanyň ) kitabyny we pygamberlerimize iberen zatlarymyzy inkär etdiler . onda olar basymlykda ( eden etmişleriniň netijesini ) görerler // şonda olar kündelenip zynjyrlanyp // gaýnap duran sowa oklanjakdyrlar soň hem oda ýakyljakdyrlar . >>
Gurhan kerimiň bu aýatlary pygamberleriň we asmanlyk kitaplaryň getirlen delilleri bilen tersleşip hak bilen jedel edýänler hakyndadyr . olar hak bilen tersleşip dogry ýoldan daş düşendirler we olaryň barýan ýollarynyň netijesi gümralykdan aýry zat däldir . aslynda ynsanlar taryh boýunda öz ata babalaryna köre körlik bilen eýerip gümra bolandyrlar ýada gury täsiplere eýerip hakdan daş düşüp pygamberler bilen tersleşendirler . bu hili ynsanlar haka eýermegiň ýerine öz gara nepslerine eýerip hak bilen tersleşýändirler haky inkär edýändirler . elbetde çyndan hakyň gözleginde bolup ony tapyp bilmedik ynsanlary belkide alla öz ýalkawyna salar ýone haky bilipde onuň bilen tersleşýän adamlary alla hergiz ýalkamaz eýsem olara berk jeza berer, sebäbi ol allanyň ynsana merhemet eden akyl paýhasyndan peýdalanyp haka eýermekden saklanypdyr . elbetde ynsanlaryň alla kapyr bolmaklaryna ýada şärik getirmeklerine şu dünýäde jeza berilýan däldir we ol ahyrete goýlandyr sebäbi ynsanlar jezadan gorkyp iman getirmesinler diýlip kapyrlygyň we şyrkyň jezasy ahyrete galdyrylýandyr. ynsan öz akly we yradasy bilen iman getirmelidir gorkyp iman getirmeli däldir. iman getirmekde hökman iman hem bolmalydyr . kyýamatda hem alla tagala ynsanlaryň erk ygtyýar we yrada bilen eden işlerine serpaý ýada jeza berjekdir. indi bir ynsan özüniň erk ygtyýary we yradasy bilen hak bilen jedel edip oňa garşy hereket etse ol ahyretde allanyň gahar gazabyna giriftar bolup dowzaha düşjekdir .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- gurhan kerim taryhy okap geçen halyklaryň ylaýtada pygamberleriň garşysynda durup gümralyga uçran halyklaryň ykballaryny öwrenmekligi tabşyrandyr.2- haka garşy durmaklyk howply zatdyr bu mesele ynsanyň haky bile -bile aýak aşaga salmaklygyna sebäp bolýandyr .3- dowzahyň azaplarynyň ýatlanyp durmagy ynsanyň özüne gelip öz amallaryny düzeltmegi üçindir.4- kapyrlaryň tekepbirlik edip özlerine magtanmaklary ahyretde olaryň har we zelil bolmaklaryna we özgeleriň ýanynda ryswa bolmaklaryna sebäp boljakdyr .Gafer süresi, 73 we 74-nji aýatlar
:ثُمَّ قِيلَ لَهُمْ أَيْنَ مَا كُنتُمْ تُشْرِكُونَ (73) مِن دُونِ اللَّهِ قَالُوا ضَلُّوا عَنَّا بَل لَّمْ نَكُن نَّدْعُو مِن قَبْلُ شَيْئاً كَذَلِكَ يُضِلُّ اللَّهُ الْكَافِرِينَ (74)
<< onsoň olara aýdylar : hany siziň alla şärik totunan närselerňiz ? // hany allanyň ýerine bendeligini eden närseleriňiz ? diýlip. ( şonda ) olar aýdarlar : olar biziň gözümizden gaýyp boldular, belkide biz mundan ozal hiç zada bendelik etmändiris diýip. alla kapyrlary şu hili gümra eder . >>
Mundan ozalky aýatlar kyýamatda kapyrlaryň görjek azabyna yşarat edendirler . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: dowzah oduna giriftar bolan kapyrlaryň we müşrükleriň gaçara ýerleri bolmaz, şonda olardan : dünýäde bendeligini eden närselerinden şoralyp olar nirä gitdiler? diýlip olardan soralar . şonda olar başlaryny aşak salyp : biziň çokunýan zatlarymyz ýä bizler ýaly dowzahyň oduna uçrapdyrlar ýada ýitirim bolupdyrlar biz, olar şeýile bir günde biziň dadymyza ýetişerler diýip olara bendelik etdik ýöne diýenimiz bolmady edil diýersiň weli biz olara bendelik etmändiris indi bize barça zat aýan boldy biziň çokunan zatlarymyz ýöne bir gümanmyş owhammyş , hakykat dälmiş diýip aýdarlar .Hakykatda kapyrlaryň we müşrükleriň kyýamatda şu hili hakykaty ykrar etmekleri olaryň derdine ýaramaz sebäbi ynsanyň dünýäde edýän kapyrlygy we azgynçylygy ahyretde dowzahyň azaby bolup onuň ýakasyndan ýapyşjakdyr .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklar :1- kyýamat hakykatlaryň aýan bolýan günidir şol günde kapyrlar we müşrükler özleriniň gümralykda bolandyklaryna göz ýetirjekdirler .2- günäni ykrar ýada inkär etmeklik kyýamatda ynsanyň derdine döwa bolmaz sebäbi alla ynsanlaryň içinden habarlydyr we hiç zady alladan basyryp bolmaz .3- gümralyk ýada dogry ýolda bolmaklyk hem ynsanyň saýlan ýolunyň we eden amallarynyň miwasydyr .75 we 76-njy aýatlar
:ذَلِكُم بِمَا كُنتُمْ تَفْرَحُونَ فِي الْأَرْضِ بِغَيْرِ الْحَقِّ وَبِمَا كُنتُمْ تَمْرَحُونَ (75) ادْخُلُوا أَبْوَابَ جَهَنَّمَ خَالِدِينَ فِيهَا فَبِئْسَ مَثْوَى الْمُتَكَبِّرِينَ (76)
<< bu ( azap ) ýer ýüzünde bihuda şatlyk etmegiňiz üçin we mestlikde ýaşanlygyňyz üçin size berlendir // ( indi ) dowzahyň gapylaryndan girip we onda hemişelik galyň ( dowzah ) tekepbir adamlar üçin ne erbet jaýdyr . >>
Gurhan kerim bu aýatlarda kapyrlaryň we müşrükleriň kyýamatda bela beterlere uçramaklarynyň sebäplerine yşarat edip aýdýar : siz kapyrlar we müşrükler dünýäde şähwätiňiziň yzynda bolduňyz, allany we kyýamaty inkär edip hoşluk etdiňiz , mestlik edip günä işlere ulaşdyňyz garyplaryň we hor- homsylaryň hakyny aýak aşaga salyp öz lezzetiňizi kowaladyňyz şeýdipde alladan daş düşdiňiz hakdan arany açdyňyz ýöne bu gün başga bir gün we siziň dünýäde eden tekepbirçiligiňiz bu gün sizi harlyga we betbagtlyga üçradandyr we biz bu gün şol eden etmişleriňiziň jezasyny dowzahyň ody bilen tölemelisiňiz .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- yslam dini ynsanlaryň şatlyk etmeklerine we halal güýmenjelerine garşy däldir eýsem yslam dini ynsanlaryň haram şatlyklaryna we günäli güýmenjelerine garşydyr .2- kapyrlaryň şu gün edýän mestlikleri kyýamatda olaryň ýakasyndan ýapyşjakdyr .3- şatlyklar we güýmenjeleri hak bilen seljerip bolar, her bir şatlyk ynsany ýaramaz ýollara äkitse we ynsanyň hak bilen tersleşmegine sebäp bolsa ol şatlyk we güýmenje dogry däldir we haka garşydyr . emma her bir şatlyk ynsanyň ruhyny galkyndyryp onuň gowy bolmagyna sebäp bolsa ol gowy şatlykdyr.///////////