Feb 07, 2021 16:32 Asia/Ashgabat

راهی بسوی نور(886)Gafer süresi,

82-nji aýat :أَفَلَمْ يَسِيرُوا فِي الْأَرْضِ فَيَنظُرُوا كَيْفَ كَانَ عَاقِبَةُ الَّذِينَ مِن قَبْلِهِمْ كَانُوا أَكْثَرَ مِنْهُمْ وَأَشَدَّ قُوَّةً وَآثَاراً فِي الْأَرْضِ فَمَا أَغْنَى عَنْهُم مَّا كَانُوا يَكْسِبُونَ(82)

<< ýer ýüzünde siýahat etmedilermi? Özlerinden ozulkylaryň ykbalyny synlap görer ýaly ? olaryň adamlarynyň sany we göýçleri köpräkdi we ýer ýüzünde galdyran ýädigärlikleri hem gaýymrakdy ýöne şondada (olaryň adamlary we serişdeleri ) olaryň işine ýaramady .>>

Ynsanyň taryhyny iki jähetden barlap bolar : birsi taryh kitaplaryň üsti bilen we gursakdan gursaga geçip taryhyň sahyfalarynda ýazylan zatlaryň üsti bilen, ikinjisi hem ýeriň ýüzünde galan benalaryň we ýädigärlikleriň üsti bilen ynsanlaryň geçmişinden habarly bolup bolar .Şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatda sütemkärlere ýüzlenip aýdýar : egerde öz ykbalyňyzy biljek bolsaňyz ýer ýüzünde sýahat edip ozalky sütemkärlerden galan ýädigärlikleri we benalary ýakyndan synlap görüň olaryň nähili ýok olandyklaryny we köşki saraýlarynyň harabalyga öwrülmegini barlap görüň olaryň azym - azym köşkleri bardy we agyr sanly goşunlary bardy indi bolsa olardan ne nam galypdyr nede nyşan . agyr goşuny Fyrownyň nähili Nil derýsynda garyk bolup ýok olandygyny bilmeýärsiňizmi ? daglaryň içinde daşlardan ýasalan beýik- beýik benalar we köşkler allanyň gazaby inende sütemkärleriň derdine em bolup bilen däldir.Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- taryh kitaplaryny okamak ýada taryhyny benalary we eserleri ýakyndan synlap görmeklik gurhanyň tabşyran zadydyr .2- gudrata we döwrebap seriştelere magtanmaklyk we allanyň yradasyny hasaba almazlyk, seriştelere magtanmaklyk we allanyň yradasyny hasaba almazlyk, sütemkärleriň goýberýän hatalaryndandyr .3- pygamberleriň getiren taglymatlary bilen terisleşmeklik köp medeniýetleriň dargap ýok olmaklaryna sebäp bolandyr .4- güýç - kuwwat we döwrebap serişteler , allanyň gahar gazabynyň garşysynda bewet bolup bilmezler .Gafer süresi, 83-nji aýat

:فَلَمَّا جَاءتْهُمْ رُسُلُهُم بِالْبَيِّنَاتِ فَرِحُوا بِمَا عِندَهُم مِّنَ الْعِلْمِ وَحَاقَ بِهِم مَّا كَانُوا بِهِ يَسْتَهْزِئُون (83)

<< haçanda pygamberleri aýdyň delilleri getirenlerinde olar ýanlarynda ylymdan bolan ( az serişte magtanyp ) begendiler ýöne olaryň (azapdan)  masgara edýän zady olary gorşap aldy .>>

Gurhan kerim öňki aýatyň dowamynda bu aýatda aýdýar : taryh boýundaky eziji gudratlar özleriniň agyr goşunlaryna menliklenip hakdan daş düşdiler, olar özleriniň ylym - bilimden we medeniýetden bolan entejik seriştelerine magtanyp allanyň gahar gazabyndan aman galarys oýtdiler. şonuň üçin  hem olar ylahy pygamberleriň getiren taglymatlarynyň garşysynda durdylar we pygamberleriň kyýamat we ýaradylyş hakynda aýdan zatlaryny masgaraladylar . olar özleriniň azajyk ylymlaryna magtanmak bilen hem dini ynam ygtykatlary bilen subut edip bolmaýan hurapaçylyk bildiler . emma alla tagala haçanda yrada edende olaryň magtanýan şol azajyk ylym - bilimleri olaryň derdine dewa bolmady we olary allanyň gahar gazabyndan halas edip bilmedi .Aslynda gurhanyň garaýşy boýunça ynsanlaryň dogry ýoldan daş düşmekleriniň asly sebäpkäri tekepbirçilikdir haçanda ynsan özüniň azajyk serişdelerine we ylym , bilimine menliklenip özüniň başarnygy barada gumana düşse ol dogry ýoldan daş düşüp azjakdyr . häzirki asyrda hem azgynçylyklaryň köpisiniň köki şu meselä dolanýandyr mady düşünjä eýerýän ynsanlar özleriniň baýlyklaryna we ylym - bilimlerine we eriklerindäki tehnologiýalara buýsanyp alladan daş düşýändirler ýada allany unudýandyrlar hatda olar : ylym , bilimiň gülläp ösen döwründe indi pygamberleriň taglymatyna hiç hajat ýok diýip din taglymaty bilen terisleşýärler, şeýdipde gumralyga uçraýarlar . dogrusy ynsan köpçüliginiň we ynsanlaryň söňky döwürlerdäki kynçylyklarynyň şol sanda ruhy kynçylyklarynyň köki ynsanlaryň alladan we din taglymatyndan daş düşmeklerine dolanýandyr .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- pygamberleriň mugjyza we delil bilen sübüt edýän zatlary hakdyr we olaryň aýdanlaryny hakyň gözleginde bolan her bir ynsan kabul edýändir.2- eger ynsan özüniň azajyk ylym - bilimine menliklense bu mesele ony hakdan daşaltjakdyr . dogrusy tebigi ylymlar din taglymatynyň ýerini dolduryp bilmez ynsan diniň ýol görköziji taglymatyna hemişe mätäçdir.3- öz ylym - bilimiňä böýsanmaklyk ynsany din taglymatyny mashara etmeklige iterýändir.4- din taglymatynyň garşysynda duran medeniýetler we çomurlyklar ahyrda dargap ýok olandyrlar.Gafer süresi, 84 we 85-nji aýatlar

:فَلَمَّا رَأَوْا بَأْسَنَا قَالُوا آمَنَّا بِاللَّهِ وَحْدَهُ وَكَفَرْنَا بِمَا كُنَّا بِهِ مُشْرِكِينَ (84) فَلَمْ يَكُ يَنفَعُهُمْ إِيمَانُهُمْ لَمَّا رَأَوْا بَأْسَنَا سُنَّتَ اللَّهِ الَّتِي قَدْ خَلَتْ فِي عِبَادِهِ وَخَسِرَ هُنَالِكَ الْكَافِرُونَ (85)

<< şonda haçanda biziň azabymyzy görenlerinde : ýeke taňra iman getirdik we oňa şärik tutunan zatlarymyza kapyr bolduk diýip aýtdylar. // ýöne haçanda biziň azabymyzy görenleri soň ( getiren ) imanlary olaryň derdine dewa bolmady. ( bu zat ) allanyň öz bendeleriniň arasynda berkarar edip goýan ( hemişelik ) kadasydyr ( bu kada esasynda azapdan soň getirlen iman peýda bermez) we şonda kapyrlar zyýankär boldular. >>

Gafer süresiniň soňky aýatlary bolan bu aýatlarda gurhan kerim özüne magtanyp özüne menliklenip hakdan ýüz öwürýän ynsanlaryň ykbalyna yşarat edip aýdýar : bu hili menlikli adamlar haçanda allanyň azabyny görenlerinde özleriniň ozalky eden etmişlerinden puşman bolup toba eden bolarlar, olar özleriniň goýberen şiriklerinden we kapyrçylyklaryndan dolanyp : indi ýeke taňra iman getirdik we oňa şärik tutunan zatlarymyzy gyrakda goýup olara kapyr bolduk diýip aýdarlar ýöne gorkydan göz baş alýan iman olara peýda bermez. mysal hökmünde gurhan kerim Fyrownyň garyk boljak bolup durka getiren imanyna yşarat edýär . ýöne onuň bu imany ondan kabul edilmedi, sebäbi Fyrownyň şol mahal başga çäresi ýokdy. ol çäresini gutaryp iman getiren bolupdy . dogrusy alla tagala , erk - ygtyýar we yhlas bilen bolan imany öz benelerinden kabul edýändir . yhlas we ygtyýar bolmadyk iman allanyň ýanynda zerre ähmiýeti ýokdur .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- hak bilen jedel edýän menlikli ynsanlar allanyň gahar gazabyny görýänçäler iman getirmezler ýöne olaryň allanyň gazabyny we azabyny görenleri soň getiren imanlary hem olaryň derdine ýaramaz .2- ygtyýar we yhlasdan göz baş alýan iman kymmatly zatdyr . gorkydan göz baş alýan imanyň bolsa zerre kymmaty ýokdur .3- uly zyýankärlik gümralykda we kapyrlykda ölmeklikdir. ynsanyň ýaşaýyşynda şondan ulyrak zyýankärlik bolmaz.//////////Gafer süresiniň soňy