Jun 14, 2021 13:50 Asia/Ashgabat

bölüm 887, süre fussilat, aýat 1-7

راهی بسوی نور(887)

Fussilät süresi

Gafer süresiniň gürrüňleriniň gutarmagy bilen bu gepleşikde gurhan kerimiň süreleriniň ýene birisiniň gürrüňlerine girişýäris .

Fussilät süresi mekge mükärreme şäherinde inenseň mekgi sürelerden hasaplanýandyr. bu süräniň 54 aýaty bardyr we onda ýaradylyş we kyýamat hakynda hemde taňry tagalanyň gudratynyň nyşanalary barada gürrüň bolýandyr .

Fussilät süresi, 1, 2, 3 we 4-nji aýatlary :

حم (1) تَنزِيلٌ مِّنَ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ (2) كِتَابٌ فُصِّلَتْ آيَاتُهُ قُرْآناً عَرَبِيّاً لِّقَوْمٍ يَعْلَمُونَ (3) بَشِيراً وَنَذِيراً فَأَعْرَضَ أَكْثَرُهُمْ فَهُمْ لَا يَسْمَعُونَ (4)

 << hä, mim // ( bu kitap ) rahym we rahman allanyň tarapyndan inendir // bu kitabyň aýatlary açaçan beýan bolandyr- arap dilinde bolan gurhan (kitaby) bilýänler üçindir// ( bu kitap ) buşluk beriji we duýduryş beriji kitapdyr, ýöne ilatyň köpüsi ondan ýüz öwürýändirler we olar ( gurhanyň çakylygyny ) eşidýän däldirler. >>

Geçen bir näçe süräni açyklamakda hem aýdyşymyz ýaly gurhan kerimiň 29 süresi şol sanda fussilät süresi mugattea dimek kesik - kesik haryplar bilen başlanandyrlar . bu haryplar bilen başlanýan sürelerde, mugattea haryplardan soň gurhan kerimiň azamatyndan gürrüň bolýandyr . fussilät süresi hem "hä we mim" haryplary bilen başlanýar we ondan soň hem gurhan kerimiň allanyň rahmat we magfyrat çeşmesinden inmegi barada gürrüň bolýar . oňa gürä gurhan kerimiň aýatlary bütin ynsanlar üçin rahmatyň we mähribanlygyň çeşmesidir . elbetde diňe möminler gurhanyň rahmatyndan paýly bolýandyrlar we kapyrlar bolsa özlerini gurhanyň rahmatyndan mahrum edýändirler . aýtmak gerek gurhanyň aýatlary ýazygly şeklinde yslam pygamberine inen däldir, ýada pygamber özi ony kagyzyň ýüzüne geçiren däldir eýsem gurhanyň aýatlary yslam pygamberiniň ýüregine inen soň yslam pygamberi ony halka okap beripdir şonuň üçin hem bu aýatlaryň ýygyndysyna gurhan diýipdirler . gurhan ady bolsa okamak işliginden alýandyr . yslam pygamberiniň buýrugy bilen dört sahaba gurhanyň aýatlaryny yslam pygamberiniň agzyndan eşiden badlaryna bir zadyň ýüzüne ýazýanmyşlar. gurhanyň aýatlary hemmelere düşnükli bolan söý arap dilinde inendir oňa görä her kim yrada etse we islese gurhanyň aýatlaryny aňsatlyk bilen düşünip biler . elbetde gurhanyň aýatalary ynsanlara ägälik bermegiň ýanynda gerek bolsa duyduryş  hem berýändir gerek bolsa boşluk hem berýändir . gurhan şeýdipde ilaty ýagşy işlere gönükdirip olary telek işlerden alyp galýandyr . ilat umuman asmanlyk kitaplaryň we pygamberleriň çakylyklary bilen gabat gelenlerinde olary inkär edipdirler, sebäbi olar , asmanlyk kitaplaryň we pygamberleriň aýdýan zatlaryny özleriniň gara nefsleriniň isleglerine garşy bilip olardan ýüz öwrüpdirler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- gurhan kerim allanyň kelamydyr we yslam pygamberi hezret muhammet (s.a.w)ň sözi däldir bu kitabyň aýatlary hem allanyň ýaýbaň rahmatyndan göz baş alýandyrlar, oňa görä mähriban allanyň tarapyndan bolan gurhanyň taglymatyna eýermeklik hökman ynsanyň we köpçüligiň gülläp ösmegine ýada kemala tarap hereket etmegine sebäp boljakdyr.

2- ynsanyň ösüşinde we kemala tarap ýakynlaşmagynda täsirli bolýan zatlar gurhan kerimiň aýatlarynda durly şekilde öz beýanyny tapandyr . gurhanyň aýatlary , geçen kowumlaryň ykbalyny beýan edip dessanlar şeklinde sapaklar berip ynsanlara we köpçülige dogrynyň nämedigini egriniň hem nämedigini açyklap berendir .

3-Gurhan kerim özüniň aýatlary bilen ynsanlara we köpçülige ylym we ägälik bagyş edendir, oňa görä her kim hakykatyň gözleginde bolsa hökman gurhana ýüzlenmelidir.

4- ynsanlary terbiýelemekde gerek bolsa duýduryş, gerek bolsa hem buşluk bermelidir. hüşgärlik we buşluk bir- birleriniň ýanynda öz täsirni galdyrýandyrlar olaryň bir özi islendik netijäni bermez belki ýaramaz täsiri galdyrmagy mümkindir.

Fussilät süresi, 5-nji aýat :

وَقَالُوا قُلُوبُنَا فِي أَكِنَّةٍ مِّمَّا تَدْعُونَا إِلَيْهِ وَفِي آذَانِنَا وَقْرٌ وَمِن بَيْنِنَا وَبَيْنِكَ حِجَابٌ فَاعْمَلْ إِنَّنَا عَامِلُونَ (5)

<< we aýtdylar biziň ýüreklerimiz seniň bizi çagyrýan zadyňy düşünmekden natuwandyr, mysaly diýersiň weli edil bir ( gaty ) gabyň we perdäniň içindedir we gulaklarymyz agyrdyr we biziň aramyzda perde bardyr. onda sen öz işiňi et biz hem öz işimizi ederis .>>

Gurhan kerim bu aýatda yslam pygamberiniň çakylygynyň garşysynda megkäniň müşrükleriniň bolşuna yşarat edip eýdýar : haçanda yslam pygamberleri gurhanyň aýatlaryny olara okap berende olar oňa üns bermegiň ýerine yslam pygamberini numyt etjek bolup : eý muhammet ! sen bihuda tagalla edýäň biziň gulaklarymyz seniň aýdýan zatlaryňy eşitmeýär eşiden ýagdaýmyzda hem seň aýdýan zatlaryň biziň ýüregimizde täsir galdtrmaýar edil diýersiň weli sen bilen biziň aramyzda galyň perde bar onda biz seniň çakylygyňy kabul edmeris bes sen bizi öz erkimize göýber tä islän işimizi edip bileli biz hem sizi öz erkiňe göýberýäris tä islän işiňi edip bil diýip aýtdylar.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- gurhanyň aýatlary ýagyn ýalydyr, ýerligi gowy bolsa ýagyn bilen ýer gögär ýogsa ýagynyň daşa ýagmagy bilen hiç bir zat amala gelmez . jedelkeş adamlaryň ýörekleri hem edil şol daş ýalydyr we ylahy aýatlar onda täsir galdyrýan däldir . egerde gulak asýan tarap bir zady kabul etmejek bolup hak sözi hatda allanyň tarapyndan ýada pygamberleriň dilinden aýdylsada olarda täsir galdyrmaz.

3- gury täsiplere ýada boş yrymlara eýermeklik ynsanyň haky görüp bilmezligine ýada haky kabul etmezligine sebäp bolýandyr.

Fussilät süresi, 6 we 7-nji aýatlar :

قُلْ إِنَّمَا أَنَا بَشَرٌ مِّثْلُكُمْ يُوحَى إِلَيَّ أَنَّمَا إِلَهُكُمْ إِلَهٌ وَاحِدٌ فَاسْتَقِيمُوا إِلَيْهِ وَاسْتَغْفِرُوهُ وَوَيْلٌ لِّلْمُشْرِكِينَ (6) الَّذِينَ لَا يُؤْتُونَ الزَّكَاةَ وَهُم بِالْآخِرَةِ هُمْ كَافِرُونَ (7)

<< ( eý pygamber ! olara ) aýt : men hem siz ýaly bir adam ( meniň siz bilen parhym ) maňa ýeke taňra bendelik etmek barada wahyý bolýar onda siz hem şoňa tarap ( diýmek alla tarap ) ýüzleniň we ondan ýalkaw diläň ( alladan ýalkaw dilemeýän müşrükleriň halyna waý // olar zekat bermeýarlar we ahyrete kapyrdyrlar. >>

Gury täsiplere eýerip boş gürrüňleri dile getirýän kapyrlaryň we müşrükleriň garşysynda bu aýatlarda yslam pygamberi olara ýüzlenip aýdýar : men hem siz ýaly bir adam, men özümi sizden atrykmaç bilmeýärin ýada özümi hudaý bilmeýärin, meniň siz bilen parhym olda butparazlykdan we şirkden daş durmak barada we ýeke taňra bendelik etmek barada maňa wahyý bolýar ýöne size wahyý bolmaýar, onda biliň, men sizi meň aýdýan zatlarymy kabul ediň diýip sizi mejbur etjek bolamak eýsem size hak ýoluny görkezip haka tarap çagyrýaryn we geçen işleriňizden el çekiň diýip aýdýaryn, siz şol işlerden el çekseňiz alla hem sizi ýalkar .

Gurhan kerim bu aýatyň soňunda müşrüklerer duýduryş berip siziň şirkde galmagyňyz sizi telek zatlaryň östünden elter diýip aýdýar. gurhan kerim soň hem müşrükleriň iki sany telek häsiýetine yşarat edip : müşrükler birinjiden kyýamaty inkär edýärler ikinjiden hem mätäç adamlary goldamakdan we olara ynfak etmekden saklanýarlar sebäbi alla tagala imany bolmadyk ynsan her bir zady özi üçin isleýändir we onuň infak we ýagşylyk etmäge meýli ýokdur diýip aýdýar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- pygamberler ynsanlary alla tarap çagyrýandyrlar pygamberler bu meselede hergiz öz bähbidlerini araýan däldirler olaryň maksady ynsanyň öz nefsinden we tagutlaryň elinden azat bolmaklarydyr.

2- allanyň birligine ynanmaklyk ynsanyň ýaşaýyşynda hemişe bolmalydyr. Allanyň birligini ykrar etmeklik ynsanyň amalynda we düşünjesinde öz beýanyny tapmalydyr .

3- mömin ynsan allanyň birligini hemişe ykrar edip ýaşaýandyr ol şu hili pikre gulluk etmek bilen hem özüniň ozalky ýalňyş işlerini düzeltýändir we telek işlerden daş durýandyr .

4- men mömin adam diýip imanly bolup bolýan däldir. iman diňe sözde däldir eýsem iman amalda şol sanda zekat bermekde hem öz beýanyny tapmalydyr.

/////////////